Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde «Kämil mugallym – kämil nesil» diýen at bilen ajaýyp mugallymçylyk festiwaly uly üstünlik bilen geçdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «Kämil bilim» okuw merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre ýurdumyzyň günbatar sebitiniň orta mekdepleriniň zehinli mugallymlarynyň ýüzden gowragyny bir ýere jemledi.
Festiwalyň maksatnamasyna mugallymlar üçin ähmiýetli we netijeli bölegine öwrülen usulyýet okuw maslahatlary girizildi. Bu okuw maslahatlaryň dowamynda mugallymlar hünär tejribelerini paýlaşmaga hem-de bilim bermek işinde emeli aňy we sanly ulgama degişli serişdeleri peýdalanmak arkaly daşary ýurt dillerini okatmagyň häzirki zaman usullaryny ulanmak ýaly wajyp ugurlar boýunça wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Şeýle hem mugallymlar sapakda wagtyň dogry meýilleşdirilişine we paýlanylyşyna hem-de bilimiň sanly ulgama geçýän häzirki zaman şertlerinde synpyň netijeli dolandyrylyşyna giňişleýin garadylar.
Festiwalyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar üçin gyzykly sergi guralyp, onda Balkan welaýatynyň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gazanan üstünlikleri giňden görkezildi. Bu ýerde robot tehnikasy ulgamynda üns çekiji taslamalar, işläp taýýarlamalar, usulyýet serişdeler, mental arifmetika hem-de mekdepde daşary ýurt dillerini okatmak boýunça gollanmalar goýlupdyr.
«Kämil bilim» okuw merkeziniň ýaşlarynyň şowhunly we owadan aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşyjylaryň ählisine festiwalyň bagyş eden baýramçylyk ruhubelentligini artdyrdy.
Guramaçylaryň sözlerine görä, geçirilen festiwal mugallymlara okatmagyň innowasion çemeleşmelerini ulanmak babatda peýdaly bilimleri alyşmak hem-de tejribäni artdyrmak üçin ähmiýetli meýdança öwrüldi.