Ï Kent döwlet uniwersitetiniň wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kent döwlet uniwersitetiniň wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi

view-icon 3719
Kent döwlet uniwersitetiniň wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň dowamynda myhmanlara türkmen uniwersitetiniň taryhy, düzümi, halkara hyzmatdaşlygy we ylmy işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi. Taraplar özara bähbitli bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça meýilnamalary hem-de wezipeleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti mähirli kabul edilendikleri üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň öz alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Daşary ýurtly myhman ylmyň we bilimiň ileri tutulýan ugurlarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny belledi hem-de bu ugurda hemme zerur işleriň durmuşa geçiriljekdigini nygtady.

Duşuşykdan soň, hormatly myhmanlar üçin tanyşlyk gezelenji guralyp, onuň çäklerinde daşary ýurtly wekiliýet, şeýle hem «Parahatçylyk we ynanyşmak – ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly ÝUNESKO klubunyň hem-de «IUHD HUB» diýen talyplar merkeziniň işi bilen tanyşdyryldy.

Geçen ýylyň oktýabrynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalaryň esasynda Kent döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şolaryň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bar.

Ylalaşyklara laýyklykda akademiki maksatnamalaryň giňeldilmegi, bilelikdäki bilim we ylmy başlangyçlaryň, ylmy-barlag taslamalaryň döredilmegi, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky medeni alyşmalaryň pugtalandyrylmagy göz öňünde tutuldy. 

Özara düşünişmek hakyndaky baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hem boldy. 

Bu duşuşykda bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça geljekki çäreler, şeýle hem uniwersitetleriň halkara ölçeglere laýyk gelýän okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak babatda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak meseleleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy

Institut boýunça tanyşlyk gezelenji daşary ýurtly myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Onuň dowamynda olar «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýine, «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubuna, ýokary okuw mekdebiň okuw studiýasyna, onuň nemes we türk dilleri kitaphanalaryna, şeýle hem uly türkmen ak öýüne baryp gördüler. Türkmen ak öýi ýurduň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary üçin «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» diýen taslamanyň geçirilýän ýeridir.

1910-njy ýylda döredilen Kent döwlet uniwersitetiniň bilim, işewürlik we tehnologiýalar ulgamynda innowasion çemeleşmeler arkaly özüni pugta tanadandygyny bellemek gerek. 

Kent uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň duşuşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde we giňeltmekde, şeýle hem türkmen ýokary okuw mekdeplerini halkara bilim giňişligine ýakynlaşdyrmak hem-de dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Türkmenistanyň strategik maksatlaryny amala aşyrmakda möhüm ädim boldy.