Ï Hazaryň kenarynda Halkara ýoga güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazaryň kenarynda Halkara ýoga güni bellenildi

view-icon 2243
Hazaryň kenarynda Halkara ýoga güni bellenildi

Her ýyl 21-nji iýunda bellenilýän Halkara ýoga güni mynasybetli ýoga muşdaklary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň kenarynda amaly sapagyny geçdiler.

Arassa deňiziň howasy we asudalyk oňa gatnaşyjylara ýoga ummanyna çuňňur aralaşmaga ýardam etdi, bu bolsa olaryň saglygyna peýdaly täsir etdi.

Sapagy balkanabatly tejribeli ýoga mugallymy Mähri Gulmämmedowa alyp bardy, ol tälimçilik taýýarlygyny geçip, indi bäş ýyl bäri ýoga bilen meşgullanýar. Ol sebitde ýoganyň meşhurlygynyň barha artýandygyny belläp geçdi:

– Geçen ýyl Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy https://turkmenistan.gov.tm/ru/post/84784/v-akvaparke-awaza-proshyol-master-klass-po-joge «Awaza» akwaparkynda ýoga boýunça ussatlyk sapagyny geçirdi. Häzirki wagtda şäherimizde ýoga sapaklarynyň barha meşhurlyga eýe bolýandygyny aýdyp bileris. Biz diňe bir binalarda däl-de, açyk tebigatda, daglarda we deňizde hem türgenleşýäris. Sebitimizde gözel ýerler kän, olary türgenleşik üçin höwes bilen ulanýarys.

Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesine uly üns berilýär. Ylgawlar, welosipedli ýörüşler we ýaşlaryň arasynda sporty wagyz edýän beýleki çäreler ýaly uly göwrümli sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzyň sport merkezlerinde ýoga bölümleri bar, olara islendik adam gatnaşyp biler.