Ï Merkezi Aziýa – Hytaý: metbugatda hyzmatdaşlyk berkidilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa – Hytaý: metbugatda hyzmatdaşlyk berkidilýär

view-icon 1878
Merkezi Aziýa – Hytaý: metbugatda hyzmatdaşlyk berkidilýär

22-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça foruma we «Ýüpek ýoly» atly üçünji halkara aragatnaşyk maslahatyna gatnaşdy. 

HHR-iň iň uly habar gullugy bolan «Sinhua» tarapyndan Gazagystanyň Prezidentiniň Teleradio toplumy bilen bilelikde ýola goýan bu çäresine HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň esasy döwlet habar beriş serişdeleriniň, çap usulynda we internet arkaly habar beriş serişdeleriniň, metbugat we bilermen merkezleriniň ýolbaşçylary we işgärleri-de gatnaşdy.

Gün tertibine «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda metbugat hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, halkara aragatnaşygynyň täze beýanyny giňden gurmak, medeni mirasy goramak we Ýüpek ýoly siwilizasiýasynyň täze babyny ýazmagy dowam etdirmek, şeýle hem Ýewraziýa arabaglanyşygyny ösdürmek hem-de sinergetik ösüşiň täze halkara keşbini döretmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyşlarda bellenip geçilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklaryny köp asyrlyk dostlukly hem hoşniýetli gatnaşyklar, deňlik we özara peýdaly ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk, şeýle hem dürli ugurlarda özara gatnaşyklaryň giň tejribesi baglanyşdyrýar. Şunda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň üsti bilen Ýewropa geçip giden Beýik Ýüpek ýolunyň tutýan orny aýratyn nygtaldy hem tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde we öňe gidişinde möhüm faktor boldy.

Çykyş edenler häzirki wagtda HHR bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gepleşikleriň ähli ugurlarda üstünlikli ösýändigini bellediler, muňa köp babatda döwlet baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşma esaslanýan gatnaşyklar ýardam edýär. Bu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 17-nji iýunda bolup geçen ikinji «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitiniň we gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Häzirki çärä baha bermek bilen, çykyş edenler bu forumyň diňe bir häzirki döwürde maglumat pudagynda hyzmatdaşlygyň derejesini seljermek üçin mümkinçilik bolman, eýsem, geljekde ösüş derejesini we täze özara täsirini kesgitlemek üçin mümkinçilikdigini-de bellediler. Türkmenistanyň wekilleri bolsa öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän türkmen döwletiniň maglumat pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine aýratyn ähmiýet berýändigini bellediler. Bu ugur, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzda we dünýäde bolup geçýän möhüm wakalary beýan etmek, şeýle hem metbugat pudagynda öňdebaryjy tejribe alyşmak, soňky ýyllarda ösüş terzine eýe bolan hyzmatdaşlygyň ýokary düşünjelerine doly laýyk gelýär. 

Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň hem Hytaýyň sebitleýin we sebitara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan «Bir guşak – bir ýol» başlangyjyna uly üns berildi. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň energetika we ulag diplomatiýasynyň, şeýle hem hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň dürlüleşdirilmeginiň esasy infrastruktura başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine möhüm täsir edýändigi nygtaldy. Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi we Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesi munuň aýdyň mysalydyr.

Bellenilişi ýaly, häzirki Forumy geçirmekdäki maksat Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer alyş-çalşyk taryhynda möhüm sahypa öwürmek we hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak üçin berk binýady döretmekdir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň gurulmagyna uly goşant goşmaga bilelikdäki ymtylyşyň ähmiýeti bellendi.

Foruma gatnaşanlar köpçülikleýin habar beriş işinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň ähmiýetinden ugur almak bilen, birnäçe anyk başlangyçlary dile getirdiler. Hususan-da, bilelikdäki metbugat taslamalaryny, şol sanda taryhyň we medeni mirasyň umumylygy barada resminamalaýyn filmleri we seljeriş materiallaryny döretmek, ylalaşylan maglumat strategiýalaryny öňe sürmek üçin, halkara guramalaryň çäginde çäreleri sazlamak ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada teklipler öňe sürüldi. Foruma gatnaşanlaryň umumy pikirine görä, döredijilikli pikirleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi alty döwletiň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge we sebit halklarynyň gülläp ösmegine goşant goşar. Gysgaça aýdylanda, Astanada geçen forum ýurtlaryň diňe bir hyzmatdaşlyga däl, eýsem, geljegiň ýeke-täk strategik binagärligini gurmaga ymtylýandygyny ýene bir gezek tassyklady.