Ï Türkmen karateçileri Bişkekde geçen Merkezi Aziýa çempionatynda 26 medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen karateçileri Bişkekde geçen Merkezi Aziýa çempionatynda 26 medal gazandy

view-icon 2155
Türkmen karateçileri Bişkekde geçen Merkezi Aziýa çempionatynda 26 medal gazandy

Türkmen türgenleri Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen karate-do (WKF) boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyndan Watana dürli derejeli 26 medal alyp gelerler.

Bäsleşige Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 609 türgen gatnaşdy, olar ýaşlar, ýetginjekler we ulular arasynda kata (resmi maşklary görkezmek) we kumite (başa-baş söweş) ugurlary boýunça medal ugrunda bäsleşdi.

Ýaryşyň dört gününiň ahyrynda ildeşlerimiz 9 altyn, 6 kümüş we 11 bürünç medal gazandylar.

Ozal habar berlişi ýaly, ýaryşyň birinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň tälimçileriniň şägirtleri Aýdyň Çaryýew we Baýram Ýalkabow dagy katada 7 medal (2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç), ikinji gününde kumitede 5 medal (1 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç), üçünji gününde bolsa ýene 6 (2 altyn, 2 kümüş, 2 bürünç) medal gazanypdylar.

Çempionatyň soňky gününde karateçilerimiz 4 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç medal gazanyp, toparyň medal sanyny 8 medala çenli artdyrdy.

Hormat münberiniň iň ýokary gatyna Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy, Muhametoraz Gulow (12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda kumite, agram derejesi 35 kilograma çenli, tälimçisi Serdar Muhammetnazarow), Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Kirill Kolodin (12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda kumite, agram derejesi 45 kilograma çenli, tälimçisi Ilmyrat Şanepesow), Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Kuwwat Ahallyýew (45 kilograma çenli agram derejesinde 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda kumite, tälimçisi Maksat Atdaýew) we Aşgabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ahmet Aýazow (40 kg çenli agram derejesinde 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda kumite, tälimçisi Röwşen Saryýew).

35 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekler arasynda kumite boýunça iki sany bürünç medaly Aşgabat şäherindäki 47-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Begli Baýramow (tälimçisi Maksat Atdaýew) we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 14-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Fýodor Kiselýow (tälimçisi Rawil Haseýnow) aldy. 40 kilograma çenli agram derejesinde 14 ýaşa çenli ýeginjekleriň arasynda kumitede ýene bir bürünç medala Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabyndaky 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Remezan Orazmämmedow (tälimçisi Maksat Atdaýew) mynasyp boldy.

Çempionata 36 türgen bilen gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topary medal sanawynda dördünji orny eýeledi, üçünji orny eýelän Gyrgyzystanyň toparynda bolsa 238 karateçi bardy.