Ï Türkmenistanyň futbol çempionatynda «Arkadag» topary «Aşgabat» toparyny uly hasap bilen utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futbol çempionatynda «Arkadag» topary «Aşgabat» toparyny uly hasap bilen utdy

view-icon 1609
Türkmenistanyň futbol çempionatynda «Arkadag» topary «Aşgabat» toparyny uly hasap bilen utdy

«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda «Aşgabat» toparyny 7:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň birinji ýarymynda Wladimir Baýramowyň topary üç pökgi, ikinji ýarymda bolsa dört pökgi geçirdi. Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony soňky iki milli çempionatyň iň köp pökgi geçiren hüjümçisi Didar Durdyýew 53-nji, 58-nji we 67-nji minutlarda üç, Begenç Akmämmedow 16-njy we 38-nji minutlarda iki, Welmyrat Ballakow 20-nji we Berdimyrad Rejepow 89-njy minutlarda hersi bir pökgi geçirdiler.

Şu duşuşykdan soň «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew 10 pökgi geçirip, hüjümçileriň bäsleşiginde öňbaşçy boldy. Onuň topardaşlary Altymyrat Annadurdyýew we Begenç Akmämmedow ondan 2 pökgi az geçirdiler. Yhlas Saparmämmedow («Arkadag»), Meýlis Diniýew («Ahal») we Zafar Babajanow («Altyn asyr») hersi 5 pökgi geçirdiler. Abdyresul Abdyýew («Merw») we Mekan Aşyrow («Şagadam») 4 pökgi geçirdiler. Elman Tagaýew we Daýanç Meredow (ikisi-de «Ahal»), Welmyrat Ballakow («Arkadag»), Ihlas Magtymow («Şagadam»), Bäşim Gurbanberdiýew («Aşgabat») we Selim Nurmyradow («Altyn asyr») 3 pökgi geçirdiler.

Bu «Arkadag» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasynda soňky ýedi günde geçirilen ikinji duşuşyk boldy. Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirilen birinji duşuşygynda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň kubogynyň eýesi 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

On ikinji ýeňşini gazanan «Arkadag» topary 36 utuk toplap, milli çempionatda öňdebaryjylygyny berkidip, özüne golaý «Ahal» we «Altyn asyr» toparlaryndan degişlilikde 8 we 11 utuk köp gazandy. Şol bir wagtyň özünde «Arkadag» topary 1 oýun az oýnady.