Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärleri Samarkantda geçirilen maslahata gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärleri Samarkantda geçirilen maslahata gatnaşdylar

view-icon 1771
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärleri Samarkantda geçirilen maslahata gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärleri Samarkantda bolup geçen döwlet gullugyny we dolandyryşyny kämilleşdirmek meseleleri boýunça halkara foruma gatnaşdy.

Forum ýokary derejeli gepleşikler, innowasion kararlar kabul etmek we döwlet dolandyryşyny gowulandyrmak hem döwlet gullugynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin strategik hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek boýunça ýene bir möhüm ýerlik boldy.

Bu çäre BMG-niň howandarlygynda, ýagny BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri bölümi tarapyndan ýola goýuldy. Şunuň ýaly uly göwrümli çäre Özbegistanda ilkinji gezek geçirildi. Forumyň gün tertibi Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin alyp barýan strategik ugruna doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärleriniň bu çärä gatnaşmagy bu ýurduň hünär derejesini ýokarlandyrmak we iň täze innowasiýa tehnologiýalaryny, özi-de, ilkinji nobatda, sanly ýerlikleri ulanmak bilen, döwlet edaralary üçin işgär taýýarlaýyş ulgamyny hünär taýdan ösdürmek we yzygiderli kämilleşdirmek işine ygrarlylygynyň möhüm bölegidir. 

Maslahatda Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçiş tejribesi barada aýdyldy, bu işde esasy wezipäni döwlet baştutany tarapyndan gol çekilen "Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin pudagara komissiýa döretmek" we "Türkmenistanda elektron resminama dolandyryş ulgamyny hem internet saýtlaryny döretmek we ornaşdyrmak baradaky" kararlar ýerine ýetirdi.

Halkara forumyň netijeleri 2019 –2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň baş ýörelgeleri, Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy, şeýle hem ony durmuşa geçirmek boýunça Hereket meýilnamasy kabul edileni bäri, biziň ýurdumyzda döwlet dolandyryş ulgamynda sanly ýerlikleriň we maglumat tehnologiýalarynyň ösüşiniň gazanan ýokary derejesini açyk görkezdi.