Ï Türkmenistanly pälwanlar U23 Aziýa ýaşlar çempionatynda dört medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly pälwanlar U23 Aziýa ýaşlar çempionatynda dört medal gazandy

view-icon 2300
Türkmenistanly pälwanlar U23 Aziýa ýaşlar çempionatynda dört medal gazandy

Wýetnamyň Wuňtau şäherinde 15 ýurduň gatnaşmagynda 23 ýaşa ýetmedik sportçularyň arasynda geçen Aziýa ýaşlar çempionatynda erkin we grek-rim göreşi boýunça türkmen pälwanlary bir kümüş we üç bürünç medal gazandy.

Bäsleşige Wýetnamdan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, KHDR-den, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Mongoliýadan, Singapurdan, Täjigistandan, Taýlanddan, Taýwandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Şri-Lankadan 200-den gowrak pälwan gatnaşdy, olar sport göreşiniň üç – erkin, grek-rim we aýallar – olimpiýa görnüşi boýunça 10 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler.

Ildeşlerimiz erkin göreşde bir kümüş we iki bürünç bolmak bilen, üç medal gazandylar.

Kümüş medala Türkmen Döwlet maliýe institutynyň birinji ýyl talyby Alp Arslan Begenjow mynasyp boldy. “Iň güýçli” diýen at ugrunda 9 sportçynyň gatnaşan bu ýaryşynda asly aşgabatly 18 ýaşly halkara derejesindäki sport ussady bu üstünligi 79 kilograma çenli agram toparynda gazandy.

1/4 finalyň başynda Alp Arslan Ashab Hajyýewi (Gazagystan) 15:4 hasabynda ýeňdi, ýarym finalda bolsa Daler Çulibaýewden (Özbegistan) 11:0 hasabynda ynamly üstün çykdy, emma finalda Çandermohan Çandermohandan (Hindistan) 2:5 hasabynda asgyn gelip, hormat sekisiniň ikinji basgançagyna mynasyp boldy.

Geçen ýyl Iordaniýada geçirilen U23 Aziýa çempionatynda A. Begenjowyň bürünç medal gazanandygy bellärliklidir. Indi bolsa ol kümüş medalçy boldy.

Alp Arslanyň ady ilkinji gezek 2022-nji ýylda, Rumyniýada 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçen "Konstantin Alexandru & Ioan W. Popowici" halkara ýaryşynda birinji bolup, Bişkekde geçirilen Aziýa çempionatynda bolsa şol ýaş toparynda altyn medal gazananda, tutulyp başlady. Ol 2023-nji ýylda Aziýa U17 çempionatynda bürünç medal aldy. Geçen ýyl bolsa Taýlandda we Ispaniýada 20 ýaşa çenli sportçularyň arasynda geçen Aziýa we dünýä çempionatynda ilkinji gezek altyn medal gazandy.

Alp Arslan Begenjow erkin göreşiň “elipbiýini” aşgabatly daýysyndan öwrenipdir, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşlar toparynyň baş tälimçisi Berdi Atabaýewiň bölüminde tälim alypdyr. Ol häzirki wagtda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň kümüş medalçysy, Türkmenistanyň U20 ýaşlar toparynyň baş tälimçisi Batyr Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny ösdürýär.

Türkmenistan toparynda U23 Aziýa çempionatynyň erkin göreş boýunça bürünç medallaryny Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň birinji ýyl talyby Watan Annaorazow (74 kg çenli) we Türkmen döwlet maliýe institutynyň üçünji ýyl talyby Soltan Sanjar Begenjow (86 kg çenli) dagy gazandy. Bu üstünlige barýan ýolda Watan Annaorazow ilki çärýek finalda Zafarbek Otahonowdan (Özbegistan) 6:8 hasabynda utuldy, soň bolsa 3-nji ýer ugrundaky oýunda hytaýly Tao Şeni ýeňdi – 6:0. Soltan Sanjar Begenjow bolsa 1/4 finalda Kowtam Siwakumary (Şri-Lanka) utdy – 10:0, ýöne ýarym finalda hut şu hasap bilen Muhammet Abdullaýewden (Gyrgyzystan) utuldy, bürünç medal ugrundaky göreşde bolsa Sagar Jaglany (Hindistan) 11:0 hasabynda ýeňdi.

Aziýa U23 çempionatynyň ýene bir bürünç medalyny grek-rim göreşinde toparymyzdan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Didar Orazberdiýew gazandy. Ol bu üstünlige 8 sportçynyň çykyş eden bäsleşiginde 72 kilograma çenli agram toparynda ýetdi. Çärýek finalda Didar Dhirenraj Anandarajy (Malaýziýa) 8:0 hasabynda utdy, ýarym finalda bolsa hut şu hasap bilen Kutman Temirbekowdan (Gyrgyzystan) utuldy, bürünç medal ugrundaky oýunda bolsa Wan Çuýen Nguýenden (Wýetnam) 8:0 hasabynda üstün çykdy we hormat sekisiniň üçünji paýasyna mynasyp boldy.