"Arkadag" topary Türkmenistanyň ýokary liga klublary arasynda geçýän futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň yza süýşürilen oýnunda "Ahal" toparyny 3:0 hasabynda utdy.
Bu eýýäm toparlaryň şu möwsümdäki ikinji oýnudy. 30-njy aprelde geçen birinji oýunda “Arkadag” öz meýdançasynda 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
Ýer eýeleri "Ahal" topary diýilýän ikinji duşuşyk-da, ýurdumyzdaky ilkinji "akylly" şäher "Arkadagyň" adybir stadionynda geçdi.
Oýnuň birinji ýarymy taraplaryň hiç biirne üstünlik getirmedi. Arakesmeden soň bolsa Wladimir Baýramowyň şägirtleri “Ahalyň” derwezesine jogapsyz üç top saldylar; gollar Altymyrat Annadurdyýew (56-njy minut), Ýazgylyç Gurbanow (58-nji) we Begenç Akmämmedow (73-nji) dagynyň adyna ýazyldy.
Bu oýundan soň hersi 9 top salan Altymyrat Annadurdyýew we Begenç Akmämmedow bombardirleriň bäsleşiginde öňde barýan topardaşy Didar Durdyýewden yza galmagyny bir top azaltdy. “Mergenler” bäsleşiginde bulardan soň garşydaş derwezelere 5 top salan Yhlas Saparmämmedow (“Arkadag”), Meýlis Diniýew (“Ahal”) we Zafar Babajanow (“Altyn asyr”) gelýär. Abdyresul Abdyýewiň (“Merw”) we Mekan Aşyrowyň (“Şagadam”) hersiniň hasabynda 4 top bar. Elman Tagaýew, Daýanç Meredow (ikisi-de “Ahaldan”), Welmyrat Ballakow (“Arkadag”), Yhlas Magtymow (“Şagadam”), Bäşim Gurbanberdiýew (“Aşgabat”) we Selim Nurmyradow (“Altyn asyr”) dagynyň hersi garşydaş derwezelere 3 top geçiripdir.
13-nji ýeňşini gazanan “Arkadag”, 39 utuk toplap, milli çempionatda öňderligini mäkämleşdirdi we yzyndan gelýän “Ahaldan” arany 11 utuga çenli artdyrdy. Özi-de Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony heniz 1 oýny az oýnapdyr. 25 utugy bolan “Altyn asyr” üçünji ýeri eýeleýär.