«Technovation Girls» halkara maksatnamasynyň Türkmenistandan bolan ilçisi Saparguly Magtumow «Ilçileriň Liderligi Bütindünýä Sylagy» – «GALA-2025» («Global Ambassador Leadership Award») abraýly baýragyň eýesi boldy.
Saparguly bu abraýly baýragy Türkmenistanda «Technovation Girls» maksatnamasyny üstünlikli öňe ilerletmäge we durmuşa geçirmäge goşandy üçin aldy hem-de «GALA» sylagyna eýe bolanlaryň arasynda ilkinji ýetginjek-ilçi boldy.
Maksatnamanyň Kaliforniýadaky ştab-kwartirasyndan bolan utgaşdyryjy Megan Blegiň sylaglamak dabarasynda belleýşi ýaly, maksatnamanyň çäklerinde Saparguly Türkmenistanda bolşy ýaly, Merkezi Aziýa sebitinde-de ilçileriň ajaýyp topary bilen yhlasly işledi. Aşgabatda maksatnamanyň wezipelerini ýerine ýetirmekden başga-da, ol topara tehniki taýdan goldaw berdi hem-de tutuş ýurt boýunça ilçileri üstünlikli utgaşdyrdy.
Onlaýn görnüşde geçirilen sylaglamak dabarasy «Technovation Girls» maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň 117-sinden ýaş ilçileri bir ýere jemledi. «Her ýylky däbe görä, liderlik babatda, jemgyýetçiligi pugtalandyrmak we maksatnamalaýyn adwokasiýa boýunça bilelikde işlemekde uly üstünlikleri görkezen ilçileriň 4-si baýragyň eýeleri boldular» diýlip, yglan edildi. Şu möwsümde Türkmenistanyň wekilinden başga-da, Ispaniýadan, Nigeriýadan we Gyrgyzystandan hem ilçiler baýraga mynasyp boldular.
«Technovation Girls» halkara maksatnamasy Türkmenistanda, eýýäm, dört ýyl bäri amala aşyrylýar. Taslama durmuş taýdan telekeçiligi ösdürmäge hem-de «STEM» (ylym, tehnologiýalar, inženerçilik we matematika) ulgamlarynda ýaş gyzlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen ählumumy başlangyç görnüşindedir. Gyzlaryň arasynda geçirilýän iri tehnologik bäsleşigiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar toparlarda ýerli we halkara derejesinde kesgitlenilen durmuş wezipelerini çözmäge gönükdirilen ykjam goşundylary döretmegiň üstünde işleýärler. Her möwsümiň tamamlanmagy bilen IT-bäsleşikleriň finalçy-toparlary Kaliforniýada Bütindünýä sammitine jemlenip, ol ýerde «Google», «Meta» we «Amazon» ýaly öňdebaryjy tehnologik kompaniýalaryň liderlerine öz taýýarlan goşundylarynyň prototipini görkezýärler.
«Technovation Girls» maksatnamasynyň çäreleriniň geçirilmegi oňa gatnaşyjylaryň häzirki zaman innowasiýalary we dünýädäki tejribeleri özleşdirmäge gyzyklanmalaryny we ymtylmalaryny artdyrmaga, bilimlerini hem-de ukyplaryny giňeltmäge, şeýle hem sanly tehnologiýalaryň häzirki döwründe öz ýurtlarynyň üstünlikli ösmegine hut özleriniň gatnaşmagynyň wajypdygyna düşünmeklerine ýardam edýär.