Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndy topary 2026-njy ýylda Mýanmada geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň saýlaw ýaryşynda täze baş tälimçi Boris Borowigiň ýolbaşçylygynda çykyş eder.
Ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň çözgüdi boýunça, ol bu wezipede Türkmenistanda zenan futbolynyň başyny tutan Kamil Mingazowyň ornuna geçdi.
20-nji awgustda 46 ýaşy doljak Boris Borowik dürli ýyllarda futbolçy hökmünde Aşgabadyň «Nusaý», «Gazçy» (Gazojak), Özbek klublaryndan «Andijan» we «Şurtan» (Karşi), şeýle hem «Merw», «Aşgabat» we «Ahal» toparlarynyň düzüminde oýnady. «Nusaýyň» düzümindekä, iki gezek (2001 we 2003-nji ýyllarda) milli çempionatda ýeňiji boldy. Üçünji gezekde 2008-nji ýylda «Aşgabat» toparynyň düzüminde Türkmenistanyň çempiony boldy.
B.Borowik 32 ýaşynda sport işini tamamlanyndan soň, Türkmenistan Futbol federasiýasynyň (TFF) tehniki bölüminde erkekler we zenanlar milli ýygyndy futzal komandalarynda dolandyryjy bolup işledi we «Köpetdag» futzal we futbol klubunyň tälimçiler toparynyň agzasydy. 2025-nji ýyldan başlap, tälimçilik bilim bölümine ýolbaşçylyk edip, TFF-e gaýdyp geldi. Şu ýylyň 1-nji iýunyndan bäri ol – Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi.
Boris Borowigiň şägirtleri üçin ilkinji çynlakaý synag 2026-njy ýyl Aziýa Kubogynyň saýlaw ýaryşy bolar. Oňa 8-e bölünen 34 toparça gatnaşar.
Bije çekişligiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň topary «C» bölüme düşdi, bu ýerde Mýanmanyň, Bahreýniň we Bangladeşiň toparlary oňa garşydaş bolar. Toparlaýyn oýunlar 2025-nji ýylyň 29-njy iýunyndan 6-njy iýuly aralygynda Ýangonda (Mýanma) merkezleşdirilen formatda geçiriler. Türkmen zenan futbolçylary üçin bu Aziýa Kubogynyň saýlaw oýunlarynda ilkinji çykyş bolar.
Ýaryş başlamazdan ozal, bu toparça paýtagtda baş tälimçi Boris Borowigiň we onuň kömekçileri Begenç Garaýewdir Ýewgeniýa Spirinanyň ýolbaşçylygynda taýýarlyk türgenleşiklerini geçirdi. Bu türgenleşikleriň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň gutarnykly düzümi tassyklandy: oňa 19-sy türkmen, 3-si daşary ýurt klublaryndan bolan 22 futbolçy girdi.
2026-njy ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlaw ýaryşynda biziň toparçamyzyň düzümi şulardan ybarat bolar:
derwezeçiler – Aýşa Amanberdiýewa («Dudulu», Türkiýe), Amaliýa Karapetýants («Ahal»), Elnura Maksutowa («Lebap») we meýdan oýunçylary – Leýli Atajanowa, Mariýa Çaryýewa, Gülzada Hangulyýewa, Angelina Zemskowa (hemmesi-de «Altyn täçden»), Jeren Mämmedowa, Malika Mämmedowa, Aýlar Berdiýewa, Perwana Gurbanowa, Jemile Babaýewa, Ejegül Durdyýewa (hemmesi-de "Ahaldan"), Aýşa Allaýewa, Laçyn Alymjanowa (ikisi-de "Lebapdan"), Merjen Bagşyýewa, Leýli Batyrowa, Şasenem Taganowa, Halida Eşnyýazowa (hemmesi-de «Margianadan»), Şaperi Şadurdyýewa ("Balkandan"), Maýýa Musatskaýa ("Žalgirisden", Litwa) we Läle Haýypowa («Istanbul Bilgiden», Türkiýe).
Ýatlama: Indiki tapgyra sekiz toparyň ýeňijileri çykyp, ýaryşyň soňky tapgyrynda jemleýji ýaryşyň ýer eýelerine – Awstraliýa we 2022-nji ýylda Hindistanda zenanlaryň arasynda geçirilen Aziýa Kubogynyň iň gowy üç toparyna – hytaýly häzirki çempionlara, ikinji ýeri eýelän Koreýa Respublikasyna we bürünç medalçy Ýaponiýa goşular.
Şeýlelik bilen, 21-nji Aziýa Kubogynyň jemleýji ýaryşy iň oňat 12 zenan toparyny ýygnar. Ol 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 22-nji martyna çenli Awstraliýanyň üç şäherinde: Sidneýde, Pertde we Göuld Kostda 2023-nji ýylda Awstraliýada we Täze Zelandiýada bolup geçen Zenanlar dünýä çempionatynyň oýunlary üçin ulanylan stadionlarda geçiriler.