Ï Türkmenistanyň raýatlarynyň hyzmatlar pudagyndaky kanuny kepillikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň raýatlarynyň hyzmatlar pudagyndaky kanuny kepillikleri

view-icon 2977
Türkmenistanyň raýatlarynyň hyzmatlar pudagyndaky kanuny kepillikleri

Islendik ösýän ýurtda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagyny we ilat üçin hyzmat pudagynyň ösüşini göz öňünde tutmazdan ykdysady mümkinçilikleri ösdürmegiň maksatlarynyň we wezipeleriniň mümkin däldigi mälimdir. Bu ýerde ilaty goramak üçin şertleri döretmek, aýratyn-da has mätäç adamlar üçin durmuş hyzmatlaryny yzygiderli gowulandyrmak zerurlygy möhümdir. 

Raýatlar üçin şeýle kepillikler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň birinji bölüminiň 5-nji maddasynda göz öňünde tutulandyr. Onda: «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýlip bellenendir. 4-nji maddada bolsa: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar» diýlip ony has-da güýçlendirýär we berkidýär. 

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kömege mätäç diýlip ykrar edilen adamlara durmuş hyzmatlaryny bermek üçin kanuny, guramaçylyk we ykdysady esaslary kesgitleýär. Bu Kanun ilatyň hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiligini kepillendirýär, aýratyn-da kömege mätäç diýlip ykrar edilen adamlara dürli kömekleri bermegiň serişdesi bolup hyzmat edýär. Kanunyň maddalary jemgyýetiň ähli agzalary üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmäge ýardam etmäge, jemgyýetiň agzybirligini berkitmäge gönükdirilendir. 

Görkezilen Kanunda durmuş hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň hukuklaryny, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem öz hukuklary, borçlary, berilýän durmuş hyzmatlaryň görnüşleri we formalary, hyzmatlary üpjün etmegiň möhleti, tertibi we şertleri, hyzmatlaryň nyrhlary, hyzmatlary mugt ulanmak mümkinçiligi, durmuş hyzmatlary üpjün edijiler barada mugt hem-de elýeterli maglumatlary almak hukuklary jikme-jik bellenendir.