Ï Türkmenistanly türgen ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly türgen ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

view-icon 3989
Türkmenistanly türgen ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

Wýetnamyň Wungtau şäherinde tamamlanan 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy 16 ýaşly Aslan Agadadaýew bürünç medala eýe boldy. Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy üstünligi 110 kilograma çenli agram derejesinde gazandy, bu agram derejesinde jemi 9 türgen bäsleşdi.

Çärýek final tapgyryndaky ilkinji tutluşykda A.Agadadaýew hindi türgeni H.Hardipden 1:5 hasabynda ýeňildi. Soň bolsa bürünç medal ugrunda geçirilen çekeleşikli tutluşykda Gyrgyzystandan bolan Umar Ormanowy ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Bu agram derejesindäki ikinji bürünç medaly Özbegistandan bolan Abduboriý Kozimjonow gazandy. Ol üçünji orun ugrunda ýapon türgeni Howeý Sakamotony 5:4 hasabynda ýeňdi. Finalda hytaý türgeni Çuansi Weýi 5:0 hasabynda ýeňen hindi türgeni H.Hardip Aziýanyň çempiony boldy.

Aslan Agadadaýewiň bürünç medaly Wýetnamda geçirilen erkin we grek-rim göreşleri boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazanan bäşinji medalydyr. Mundan ozal, 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda türkmen pälwanlary dört medal gazandylar – olaryň üçüsi erkin göreş boýunça, biri bolsa grek-rim göreşi boýunça ýaryşda gazandy.

Erkin göreş boýunça geçirilen ýaryşlarda 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Türkmen döwlet maliýe institutynyň 1-nji ýyl talyby Alp Arslan Begenjow kümüş medala, 74 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Watan Annaorazow hem-de 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby Soltan Sanjar Begenjow bürünç medallara mynasyp boldular.

Grek-rim göreşi boýunça ýaryşda bolsa 72 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Didar Orazberdiýew bürünç medala eýe boldy.