Ï Türkmenistanyň mekdep okuwçylary «Hakyda otlusy» diýen çärä gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary «Hakyda otlusy» diýen çärä gatnaşýarlar

view-icon 508
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary «Hakyda otlusy» diýen çärä gatnaşýarlar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan ybarat topar 20-nji iýundan 5-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynda we Belarus Respublikasynda geçirilýän «Hakyda otlusy» atly medeni-bilim çäresine gatnaşýarlar. 

Türkmen toparynyň düzümine Aşgabat we Arkadag şäherlerinden Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlaryndan mekdep okuwçylaryň 9-sy girdiler. Okuwçylaryň toparyna Aşgabat şäherindäki 64-nji orta mekdebiniň direktory Mekan Annaýew ýolbaşçylyk edýär.

«Hakyda otlusy – 2025» söweşlerde şöhrat gazanylan ýerler, gahryman-şäherler boýunça hereket edip, şol ýerlerde çärä gatnaşyjylar – ýeňijileriň nesilleri urşa hem-de sowet halkynyň gahrymançylygyna bagyşlanylan binalar we medeni-taryhy gözellikler bilen tanyşýarlar. Syýahat-gezelenjiň dowamynda taslama gatnaşyjylar Brest, Grodno, Minsk, Gomel, Witebsk, Polosk şäherlerinde we beýleki şäherlerde boldular. Umuman, okuwçylar Belarusuň we Russiýanyň şäherleriniň 15-sine baryp görerler. 

Taslamanyň esasy pikiri Russiýanyň, Belarusuň hem-de GDA ýurtlarynyň ýokary synp okuwçylaryny 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň taryhy bilen tanyşdyrmak, olara söweşjeň şöhrat ýerlerini görkezmekdir. 

«Hakyda otlusy» ösüp gelýän nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm orun eýeläp, urşuň gahrymanlaryna biziň hoşallygymyzyň we olaryň deňsiz-taýsyz gahrymançylygy hakyndaky hakydanyň nyşanydyr. Mundan başga-da, taslama ýaşlary birleşdirýär, olara dostlaşmaga hem-de gatnaşyjy-ýurtlaryň halklarynyň medeni däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.