Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň Florensiýa şäherindäki şahamçasynyň wekilleri ylym we bilim ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler.
Saparyň dowamynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýewe, 1972-nji ýyldan bäri Florensiýa şäherinde hereket edýän Kent uniwersitetiniň şahamçasynyň taryhy, gurluşy, okuw maksatnamalary we halkara gatnaşyklary barada giňişleýin maglumat berildi.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory bilen Kent döwlet uniwersitetiniň Florensiýadaky şahamçasynyň direktory Fabrisiýo Rikkiardelli bilen geçirilen duşuşykda iki uniwersitetiň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. ABŞ-nyň ýokary okuw mekdebiniň şahamçasynyň dekanlary we kafedra müdirleri hem duşuşyga gatnaşdylar. Taraplar özara bähbitli ugurlar boýunça akademiki hereketliligi uzak möhletli esasda amala aşyrmak barada ylalaşdylar.
Kent döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara akademiki jemgyýete giňden goşulmagy boýunça birnäçe teklipleri hödürlediler. Olaryň arasynda:
– Kent döwlet uniwersitetiniň Florensiýadaky şahamçasy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän halkara uniwersitetleriň konsorsiumyna goşulmak;
– Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň Florensiýadaky Kent uniwersitetiniň tomusky mekdebiň çäklerinde okamagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi;
– Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlaryny bir akademiki okuw ýylynyň dowamynda Kent uniwersitetiniň şahamçasynda okatmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin çagyrmak;
– Florensiýadaky Kent uniwersitetiniň professorlaryny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine okatmak üçin çagyrylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak.
Duşuşygyň soňunda taraplar gazanylan ylalaşyklar boýunça gepleşikleri dowam etmäge we netijeli duşuşyk üçin birek-birege hoşallyk bildirdiler.
Bu duşuşyk 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi.
Bu resminamanyň esasynda Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda ilkinji gezek durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn «Işewür dolandyryş ulgamynda magistratura maksatnamasy» ugry boýunça iki diplom baradaky şertnama (Agreement on the dual master’s degree in Business Administration (M.B.A)) häzirki wagtda işläp taýýarlanylýandygyny, bellemek gerek.
Bu maksatnama laýyklykda, iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda we ABŞ-da bilim almaklygy hem-de degişli ugur boýunça iki uniwersitetden diplom almaklygy göz öňünde tutulýar. Okuw maksatnamasy magistr derejesini alan talyplara halkara ykdysadyýetinde bolup geçýän işewürlik prosesleriniň talaplaryna laýyk gelýän başarnyklary ele almak, strategik pikirlenmäni ösdürmek hem-de dolandyryş, ykdysadyýet we maliýe ugurlary boýunça çuňňur bilimleri özleşdirmek mümkinçiliklerini döreder.