Ï Özbegistanyň talyplary Türkmenistanda tejribelik geçýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistanyň talyplary Türkmenistanda tejribelik geçýärler

view-icon 372
Özbegistanyň talyplary Türkmenistanda tejribelik geçýärler

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 25-nji iýundan 4-nji iýula çenli döwürde guralan okuw-önümçülik tejribeligini geçýärler. 

Iş ýüzünde hünär başarnyklaryny hem-de tejribeleri ele almak we giňeltmek maksady bilen ýurdumyzda özbek ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň 17-si saparda bolýarlar. Olaryň hatarynda gidromeliorasiýa fakultetiniň mugallymy we talyplarynyň 5-si, şeýle hem institutyň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň mugallymy we talyplarynyň 10-sy bar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti myhmanlary ýokary derejede mähirli we guramaçylykly kabul etdiler. Türkmen ýokary okuw mekdebi boýunça tanyşlygyň dowamynda dostlukly ýurduň mugallymlary we talyplary uniwersitetiň düzümi hem-de toplumy bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Tejribeligiň geçişiniň dowamynda olar professorlar we mugallymlar bilen umumy okuw sapaklara gatnaşarlar. Ýokary okuw mekdebiň myhmanlary üçin hünär ugurly hem-de garyşyk edara kärhanalaryň binýadynda göçme çäreler we duşuşyklar geçirilýär. Şeýle hem Daşkent institutynyň wekilleri üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi Botanika bagyna hem-de uniwersitetiň okuw-tejribe hojalygyna baryp görerler.

Özbegistanly myhmanlar üçin medeni-dynç alyş çäreler hem geçirilip, şolaryň çäklerinde paýtagtymyzdaky mäkäm türkmen-özbek dostlugyny alamatlandyrýan «Daşkent» seýilgähi boýunça gezelenç olarda aýratyn täsir galdyrdy.

Tejribeler 2018-nji ýylyň aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri instituty bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýändigini bellemek gerek.

Ýokary okuw mekdepleriň ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde 6–17-nji iýuly aralygynda S.A.Nyzaýow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň dostlukly Özbegistana jogap sapary meýilleşdirildi. Garaşylyşy ýaly, Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynda degişli tejribelik geçmek üçin gidromeliorasiýa fakultetiniň mugallymy we 10 talyby, şeýle hem oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň mugallymy we 10 talyby ugrarlar. 

Türkmen we özbek ýokary okuw mekdepleriň wekilleri şunuň ýaly özara duşuşyklaryň ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hem-de geljekki hyzmatdaşlyk üçin berk binýadyň kemala gelmegine ýardam etjekdigine ynam bildirýärler.