Ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi üstünlikli geçýär. Munuň şeýledigine tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatyndaky sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde alnyp barylýan işler hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Şu günler Balkan welaýat häkimliginiň «Dürdäne» sagaldyş we dynç alyş merkezinde ruhubelent körpeler wagtlaryny diýseň şatlykly, peýdaly geçirýärler. Welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän döwrebap toplumyň her tapgyrynda çagalaryň 300-si dynç alýar. Olar jemi üç tapgyrdan ybaratdyr. Nusgalyk amatlyklary, ýokary derejedäki şertleri özünde jemleýän merkezde bagtyýar çagalar höwes bilen hezil edip dynç alýarlar.
Bu ýerde guralýan dürli gyzykly çäreler, aýdym-sazly dabaralar, duşuşyklar, bäsleşikler, gezelençler bolsa bagtyýar nesillere ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berýär. Sportuň, milli oýunlaryň görnüşleri boýunça geçirilýän özara bäsleşikler, «Kim çalasyn, kim çeýe!» ýaly ýaryşlaram ýatda galyjylygy, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Zehin, döredijilik bäsleşiklerinde aýdym aýtmak, şygyrdyr hekaýa ýazmak, surat çekmek, keşpleri ýerine ýetirmek, dürli reňkli kagyzlardan şekilleri ýasamak boýunça-da özleriniň ukyplarydyr başarnyklaryny görkezýärler.
Häzirki wagtda «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde okuw gurnaklarynyň sekizisi hereket edýär. Oglanlar zähmet gurnagynda başlangyç hünär endiklerini ele alýarlar, gyzjagazlar Miras gurnagynda çeper el işlerini öwrenýärler. Şonuň ýaly-da
zehinlije körpeler gül Watanymyzyň goýnundaky bagtyýarlygy, gözelligi, dost-doganlygy, parahatçylygy, bagtly çagalygy wasp edýän aýdym-sazlary buýsançly ýerine ýetirýärler. Ýaş döredijilik toparlarynyň çykyşlaram çar tarapa hoş owaz bolup dolýar. Bir söz bilen aýdanyňda, gözel künjekde ir säherden tä giç agşama çenli çagalaryň gülki sesleridir şatlyk-şowhuny dowam edýär.