Ï Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalar bäsleşigi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalar bäsleşigi geçirilýär

view-icon 1588
Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalar bäsleşigi geçirilýär

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalar bäsleşigine badalga berildi. Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýola goýlan bu bäsleşik programma üpjünçiligini we innowasiýa tehnologiýalaryny işläp düzmek bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de olara goldaw bermäge gönükdirilendir. Bu, ýaş hünärmenler üçin öz işlerini görkezmek we Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Bäsleşik şu ugurlar boýunça geçirilýär: emeli aň, robot ýasamak we awtomatlaşdyryş, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, akylly şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk, hyzmat ulgamy. Bäsleşik talyplar, mekdep okuwçylary we ýaş hünärmenler üçin açykdyr. Isleg arzalary şahsy görnüşde-de, üç adama çenli toparlar tarapyndan-da tabşyrylyp bilner.

Arzalary hasaba almak we kabul etmek «Türkmenaragatnaşyk» Agentliginiň resmi saýtynda elektron görnüşinde amala aşyrylýar: 

Taslamalara wajyplygyna we işe girizmek mümkinçiligine görä baha berler. Goşmaça maglumatlary Agentligiň saýtyndan ýa-da 98-12-12, 98-13-13 belgilere jaň edip alyp bilersiňiz.