Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ekologik medeniýeti emele getirmäge we tebigata aýawly çemeleşmäge gönükdirilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bu işiň başyny «Watan» gazeti «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde tutdy.
Bäsleşik tebigat goragy meselelerini beýan etmäge, onuň baýlyklaryny tygşytly ulanmaga gönükdirilendir. Ösüp gelýän ýaş nesilde ekologik medeniýeti emele getirmäge aýratyn üns berler.
Bäsleşige «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň agzalary gatnaşyp bilerler. Guramaçylar dürli žanrda ýazylan işleri: makala, goşgy, hekaýa we beýleki eserleri kabul edýärler. Bäsleşigiň möhüm şerti oňa hödürlenýän işleriň ozal neşir edilmedik bolmagydyr. Hödürlenen işlerde Garaşsyz Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri we onuň sebitiň hem-de tutuş dünýäniň parahat ösüşine täsiri, şeýle hem tebigata söýgi we hormat görkezilmelidir.
Bäsleşige gatnaşýanlar işleriniň ýany bilen okaýan ýa-da işleýän ýeri, ýaşaýan ýeriniň salgysy we telefon belgilerini-de goşmak bilen, özleri barada maglumaty ibermelidir.
Işler watan@sanly.tm. elektron salgy boýunça kabul edilýär. «Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, eşretli geljek» diýen ýazgynyň bolmagy hökmandyr.
Işleri tabşyrmagyň iň soňky möhleti 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrydyr.
Bäsleşigiň jemi şu ýylyň sentýabr aýynda jemlener. Ýeňenlere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
Goşmaça maglumat üçin 38-61-06; 94-03-26 telefon belgiler boýunça ýüz tutup bilersiňiz.