Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ýerli häkimiýetleriň hem-de beýleki edaralaryň wekillerinden düzülen wekiliýet iş sapary bilen Özbegistanda boldy.
Saparyň maksady — durnukly oba hojalygyny ýöretmek, suw serişdelerini dolandyrmak we ýerleri dikeltmek babatynda özbek kärdeşleri bilen tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Bu sapar Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» atly taslamanyň çäginde guraldy.
Wekiliýet agzalary howa şertlerine uýgunlaşdyrylýan oba hojalygyny ýöretmegiň hem-de innowasion suwaryş ulgamlaryny ulanmagyň usullary bilen tanyşdylar. Şeýle hem, Türkmenistanly hünärmenler Özbegistanyň okuw merkezlerinde, döwlet edaralarynda bolup, Amyderýanyň giňişliginde sebitara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça maslahatlaşdylar.