Ï Topinamburyň gymmatly önümleri almakdaky mümkinçilikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Topinamburyň gymmatly önümleri almakdaky mümkinçilikleri

view-icon 2974
Topinamburyň gymmatly önümleri almakdaky mümkinçilikleri

«Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde alymlar topinamburyň (ýer armydy) mümkinçiliklerini peýdalanyp, gymmatly önümleri almak boýunça täze tehnologiýalary ösdürýärler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynda dermanlyk inulini, resweratroly hem-de şire görnüşindäki glýukoza-fruktoza düzümli önümleri döretmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Bu ugurdaky möhüm üstünlikleriň biri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň topinamburdan dermanlyk inulini, resweratroly hem-de glýukoza-fruktoza düzümli şiresini taýýarlamak tehnologiýasyna awtorlyk hukugynyň resmi taýdan bellige alynmagydyr.

Gözlegiň esasy maksady — topinamburyň mümkinçiliklerini dürli ugurlarda, esasan hem funksional iýmit önümlerini taýýarlamakda giňden peýdalanmakdyr.

Topinamburyň esasy düzüm bölegi bolan inulin güýçli prebiotik hökmünde bellidir. Ol içege mikroflorasyny gowulandyrýar, immuniteti berkidýär we metabolizmi kadalaşdyrmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, inulin fruktoza-glýukoza şiresini almak üçin esasy çig mal bolup durýar, esasan-da süýji keseli bolan adamlar üçin tebigy şekeriň ornuny tutýar. 

Öndürilen şireler gury we suwuk görnüşde bolup, giňden peýdalanylýar. Olar azyk, farmasewtika we agrosenagat pudaklarynda ulanylyp bilner. Konditer önümlerini, çörek we konserwirlenen önümlerini, içgileri, haýwan iýmlerini öndürmekligi öz içine alýar, hatda aýratyn önüm hökmünde hem ulanylyp bilner.

Bu innowasion işleriň ýolbaşçysy — biotehnologiýa laboratoriýasynyň müdiri Altyn Rahmanowa.