Häzirki wagtda sanly ykdysadyýetiň çalt ösmegi we halk hojalygyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda daşary ýurt dillerini bilýän we maglumat tehnologiýasyna belet, bilimli ýaş işgärlere zerurlyk artýar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «IT – Nurly şöhle» atly ylym-bilim merkezi döwür bilen deň gadam urmak bilen, ähli gyzyklanýan raýatlary häzirki zaman maglumat tehnologiýalary we daşary ýurt dilleri boýunça ýöriteleşdirilen okuwlara çagyrýar. Okuw ugurlary: Python we C++ programmirleme dilleri hem Web dizaýny we web programmirlemesi (HTML, CSS, JavaScript) maglumat bazalary (SQL, PostgreSQL), kompýuter ulgamlarynyň gurluşy we dolandyryş, AutoCAD we MATLAB programmalarynda işlemek; iňlis, rus, hytaý dilleri, matematika dersleri, 1C boýunça hasapçylyk okuwy.
Okuw Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «IT – Nurly şöhle» ylym-bilim merkezinde 1-nji 3 aýda geçýär.
Okuwlar gündelik guralandyr. Bu okuwa Türkmenistanyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdep okuwçylary, döwlet we hususy pudaklarda işleýän hünärmenler, şeýle hem şu okuw ugurlary bilen gyzyklanýan islendik raýat ýazylyp biler.
Okuwy tamamlanlara Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan şahadatnama berilýär. Tapawutlanan talyplara daşary ýurt dillerini kämilleşdirmek we geljekde iş tapmak boýunça maslahat we goldaw berler.
Hasaba alyş we goşmaça maglumatlar: +993 (71) 51-46-43 telefon belgileri we itnurlyshohle@mail.ru elektron poçta arkaly amala aşyrylýar.