Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Demirgazyk Makedoniýanyň Struga şäherinde 24–29-njy iýun aralygynda ýetginjekleriň arasynda geçirilen 29-njy Balkan matematika olimpiadasynda (JBMO-2025) dürli gymmatlykdaky 6 medal gazandylar.
Mekdep okuwçylarymyz matematika bäsleşiginde uly üstünlik bilen çykyş edip, 1 altyn, 4 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar. Olimpiadada Türkmenistana mekdep okuwçylaryň 6-syndan ybarat milli toparyň wekilçilik edip, okuwçylaryň her biriniň Watanymyza mynasyp bolan medal bilen dolanyp gelendigini bellemek gerek.
Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow altyn medal eýeledi. Şol mekdebiň 9-njy synp okuwçylary – Atabaý Akmyradow hem-de Ýeňiş Akmämmedow kümüş medallara mynasyp boldular.
Ýene-de iki kümüş medaly Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Ýusup Resulow we Parahat Ojarow gazandylar. Olimpiadanyň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Omar Döwranow bürünç medal aldy.
Olimpiadada dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş matematikleriň iň güýçli toparlary bäsleşdiler. Şu ýyl abraýly halkara bäsleşigine 23 ýurtdan okuwçylaryň 135-si gatnaşdylar.
Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynyň ajaýyp netijesi ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylaryň taýýarlygynyň ýokary derejededigine, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň hem-de ýaşlaryň ukybyny artdyrmak, olaryň zehinlerini ösdürmek, ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek we ösüp gelýän nesilleriň ýokary hilli bilim almaklary üçin edilýän tagallalaryň netijelidigine şaýatlyk edýär.