Ï Gökderede çagalaryň öz hukuklary barada habarlylygyny artdyrmak barada maglumat okuwlary geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gökderede çagalaryň öz hukuklary barada habarlylygyny artdyrmak barada maglumat okuwlary geçirildi

view-icon 3549
Gökderede çagalaryň öz hukuklary barada habarlylygyny artdyrmak barada maglumat okuwlary geçirildi

Gökdere jülgesindäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň binýadynda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa laýyklykda, hünärmenler üçin çagalaryň öz hukuklary barada habarlylygyny artdyrmak maksady bilen ýyllyk maglumat okuwlary geçirildi. Gatnaşýanlar çaganyň hukuklarynyň esaslaryny dürli mazmunly oýunlar, hekaýalar we interaktiw sapaklar arkaly öwrendiler.

Okuw çärelerini Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçileri geçirdiler. Maksatnamanyň hyzmatdaşlary we guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Mejlisi, Adalatçynyň diwany, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, BMG-niň Türkmenistandaky wekiliýeti, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Merkezi Aziýadaky sebitleýin bölümi we ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti çykyş etdiler.