Ï Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň birinji ýyl talyplary tejribelik geçýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň birinji ýyl talyplary tejribelik geçýärler

view-icon 3029
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň birinji ýyl talyplary tejribelik geçýärler

15-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň birinji ýyl talyplary maliýe-ykdysady toplumyň edara-kärhanalarynyň binýadynda, şol sanda banklaryň welaýatlardaky şahamçalarynda we Mary welaýat salgyt gullugynda ykdysady tejribelik geçýärler.

Bu çärä gatnaşyp, talyplar okuwlarynyň birinji ýylynda alan bilimlerini iş ýüzünde uly maksat we höwes bilen ulanyp, tejribeli hünärmenlere ukyp-başarnyklaryny, şeýle hem geljek üçin öz esasy wezipelerine aýdyň düşünýändiklerini işjeň görkezýärler. Şonuň bilen birlikde, maksadaokgunly ýaşlar – geljekki ýaş hünärmenler hünär boýunça üstünlikli işe durmaga hem-de hünär ösüşlerini gurmaga tarap ýollaryny ynamly ýola goýýarlar. 

Öz nobatynda, tejribeli halypalar ýerlerde talyplara giň bilimlerini we gymmatly tejribelerini bermegi, olaryň saýlan hünärlerine bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmegi hem-de maliýe-ykdysady ulgamyň işini kämilleşdirmek, şeýle hem milli ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek boýunça ýurtda öňde durýan möhüm wezipeler bilen has giňişleýin tanyşdyrmagy maksat edinýärler. 

Talyplar üçin tejribelikler nazary bilimlerini berkitmek we baýlaşdyrmak, olary iş ýüzünde ulanmak başarnyklaryny kemala getirmek, hünär başarnyklaryny we tejribeleri ele almak, şeýle hem döwletde wajyp wezipeleriň hatarynda duran ylmy, bilimi we önümçiligi üstünlikli utgaşdyrmak üçin şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.