Ï Tahyr Ataýewiň orkestriniň söýgi temasyndaky konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tahyr Ataýewiň orkestriniň söýgi temasyndaky konserti

view-icon 4250
Tahyr Ataýewiň orkestriniň söýgi temasyndaky konserti
camera-icon
Ýusup Türşekow

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň orkestriniň sazandalyk etmeginde söýgi temasyna bagyşlanan konsert geçirildi. Orkestriň dirižýorynyň bellemegine görä, bu tema estrada sungatynda hemişe ähmiýetlidir, tomusky möwsüminiň gyzgalaňly döwründe bolsa, ähli möhüm işler soňa goýulýan mahaly has hem möhüm tema öwrülýär.

Konserti «Aşgabat» atly aýdymy bilen Arslan Tüweniýazow açdy, ol bu aýdymy bilen iň ajaýyp şähere bolan söýgüsini beýan etdi. Bu temada Türkmenistanyň halk artisti Selbi Annadurdyýewa «Söýgüliler şäheri» aýdymy bilen dowam etdirdi. Konsertiň maksatnamasynda türkmen we daşary ýurt estradasynyň iň gowy aýdymlaryndan saýlanyp alnan wokal we instrumental eserler ýaňlandy. Esasanam meşhur milli aýdym-sazlar täsirli ýaňlandy. Nury Halmammedowyň «Haýrana galar» romansy Selbi Annadurdyýewa tarapyndan örän owadan ýerine ýetirildi.

1950–1980-nji ýyllarynyň iki meşhur – «Gözleme» we «Köne güzer» atly aýdymlaryny Berdymyrat Berdyýew ýerine ýetirdi. Bu aýdymlar şol döwürde müňlerçe plastinkada ýazgy edilip ýaýradylan eserlerdir. Berdymyrat Berdyýew ýa-da halk arasynda «Altyn kamerton» diýip tanalýan artist häzirki wagtda sahnada seýrek çykyş edýär. Şonuň üçin onuň sahna çykmagy bilen tomaşaçylar el çarpyp garşy aldylar. «Altyn kamertonyň» çykyşyna tomaşaçylar ýokary baha berip, ony uzak wagtlap sahnadan goýbermediler.

Konsertiň ýene bir täsirli pursatlarynyň biri orkestriň skripkaçysy Ogulgerek Soltanmyradowanyň ilkinji çykyşydy. Ogulgerek Soltanmyradowa tebigy taýdan owazly we owadan sese eýe. Ol ilkinji gezek tomaşaçylaryň öňünde estrada aýdymçysy hökmünde çykyş etdi. Ol iňlis we fransuz dillerinde «Mad about you» hem-de «Je t’aime» atly iki aýdymy ýerine ýetirdi. Tomaşaçylar aýdymçyny goldadylar.

Bu konsert ähli tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Žurnalistler bilen geçirilen söhbetdeşliginde Tahyr Ataýew tomaşaçylaryň şatlykly seslenmelerini nazara alyp, milli aýdymlar boýunça konsert bermek pikirleriniň ýüze çykandygyny aýtdy.