Ï Gyrgyz nusgawy eserleri – türkmen teatrynyň sahnasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gyrgyz nusgawy eserleri – türkmen teatrynyň sahnasynda

view-icon 2035
Gyrgyz nusgawy eserleri – türkmen teatrynyň sahnasynda

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary Çingiz Aýtmatowyň «Ýüzbe-ýüz» eseri boýunça sahna oýnuny taýýarlaýar.

Gaçgak Ysmaýylyň we aýaly Seýdäniň başyna düşen betbagtçylyk hiç bir tomaşaçyny-da biperwaý goýmaz. Gyrgyz nusgawy edebiýatyna mahsus bolşy ýaly, «Ýüzbe-ýüz» hekaýasynyň gahrymanlary hem harama gulluk edýän adamlara we ruhy taýdan güýçli halal adamlara bölünýärler. Çingiz Aýtmatowda gümmi-sümmülik ýok: eger ol öz janyňy halas etmek üçin esger ýoldaşlaryna dönüklik eden bolsa, onda onuň obadaşlaryna-da dönüklik etjeginiň ujy iki däl.

Oýny sahnalaşdyran Gadam Kakabaýew eseriň aýtmatowçylyk pajygaly tebigatyny saklamagyň hötdesinden gelipdir. Oýny goýan režissýor Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew.

Sahna bezegçisi Mekan Annamyradow. Baş keşpleri ýerine ýetirýänleriň atlary bolsa heniz gizlin saklanýar. Alp Arslan adyndaky milli drama teatry Çingiz Aýtmatowyň döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenýär. Ozal teatrda sahnalaşdyrylan «Elwan ýaglykly serwim» we «Ak gämi» ýaly sahna oýunlaryny ýatlalyň. Bu oýunlaryň ikisi-de uly üstünlik gazanypdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gyrgyz nusgawy edebiýaty sahna sungatyny söýýän türkmeniň kalbyna ýene bir gezek gozgalaň salar.