Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 1-nji awgustdan Köpetdag şaýolunyň ugrunda abatlaýyş işleriniň geçirilýändigi sebäpli 100-nji belgili «Teke bazar – Arkadag şäheri» we 45-nji belgili «Teke bazar – Gökdere» ugurlary boýunça awtobuslaryň gatnawyny wagtlaýyn üýtgetdi.
Indi awtobuslar şu ugurlar boýunça: Görogly köçesinden Abadan Jülge ýoly boýunça demirgazyk tarapa, soňra Abadan şaýoly bilen günbatar tarapa, ondan soň Gurbansoltan eje şaýoly boýunça günorta tarapdan Gökderä çenli hereket ederler.
Soňky duralga ýerleri öňküsi ýaly Arkadag şäherindäki «Akhan» aýlawly ýolagçy duralgasy we Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezi bolup galýar.
Yza gaýdyş ugry hem şol bir ugur boýunça Görogly köçesine çenli dowam eder.