Daşoguz şäherinde köçe yşyklandyryşynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler gyzgalaňly dowam edýär. Şu günlerde ýöriteleşdirilen «Daşoguzşäheryşyklandyryş» kärhanasynyň işgärleri könelen, az täsirli we köp energiýa sarp edýän yşyklandyryş enjamlaryny häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän, ýurduň elektronika önümlerini öndürýän HO «Aýdyň gijeler» kärhanasy tarapyndan öndürilen LED köçe çyralaryna çalyşýarlar.
Täze enjamlar bilen eýýäm şäheriň merkezi köçeleri üpjün edildi, häzirki wagtda bolsa işler ýaşaýyş toplumlarynda alnyp barylýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu çyralar adaty yşyklandyryş çyralary bilen deňeşdirilende, 2-3 esse az elektrik energiýasyny sarp edýär. Şeýle hem olaryň ulanylmagy daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsiriň azalmagyna ýardam edýär. Bu bolsa häzirki zaman ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär.
Belli bolşy ýaly, köçe yşyklandyryşynyň esasy wezipesi garaňky wagtda ýollarda, pyýada ýollarynda hem-de jemgyýetçilik ýerlerinde hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, köçe çyralary şäheriň özboluşly estetik görnüşiniň emele gelmeginde binagärlik dizaýnynyň üstüni ýetirip, rahatlyk atmosferasyny döredýär.
Yşyklandyryşy döwrebaplaşdyrmak Daşoguz welaýatynyň abadanlaşdyrylmagy we toplumlaýyn ösdürilmegi boýunça geçirilýän çäreleriň sanawyna girýär we amatly şäher gurşawyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň bir bölegi bolup durýar.