Ï Hepdäniň başynda Türkmenistanda yssy howa garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hepdäniň başynda Türkmenistanda yssy howa garaşylýar

view-icon 2318
Hepdäniň başynda Türkmenistanda yssy howa garaşylýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň maglumatyna görä, 4 – 10 awgusty aralygynda ýurdumyzda yssy howa saklanyp galar. Şeýle-de bolsa, gijelerine howanyň temperaturasynyň peselmegine garaşylýar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +36...+38 gradusdan +40...+42 gradusa çenli yssy, gijelerine +22...+24 gradusdan +26...+28 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +33...+38 gradusdan +38...+43 gradusa çenli yssy, gijelerine +20...+25 gradusdan +24...+29 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, howanyñ temperaturasy gündizlerine +37...+42 gradus. Gijelerine +23...+28 gradusdan +27...+32 gradusa çenli maýyl bolar. Kenarýaka sebitlerinde howanyň temperaturasy +39 gradus yssy bolar.

Mary welaýatynda şemally howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +34...+39 gradusdan +38...+43 gradusa çenli yssy, gijelerine +21...+26 gradusdan +25...+30 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyñ temperaturasy gündizlerine +34...+39 gradusdan +38...+43 gradusa çenli yssy, gijelerine +20...+25 gradusdan +24...+29 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda az bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +32...+37 gradusdan +37...+42 gradusa çenli yssy, gijelerine +19...+24 gradusdan +23...+28 gradusa çenli maýyl bolar.