Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Täze ýol» geňeşliginiň çäginde gurluşygy tamamlanyp barýan döwrebap täze obanyň çäklerinde ösen ulag-aragatnaşyk infrastrukturasy döredildi.
«Daşoguz ýol gurluşyk, abatlaýyş we önümçilik kärhanasynyň» hünärmenleri tarapyndan bu ýerde içki we ýanaşyk ýollaryň on sekiz kilometrden gowragy çekildi. Ähli ýollara ezilen daş binýady goýuldy, asfalt örtügi goýulýar we beton gyralar oturdylýar. Kärhananyň işgärleri şertnamada göz öňünde tutulan ýol gurluşyk işleriniň doly ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan serişdeleri hem-de ýörite tehnikalaryň ähli görnüşleri bilen üpjün edildiler.
Täze obanyň ulag aragatnaşyk ulgamyna ýurdumyzyň hususy kärhanasy tarapyndan gurlan, Hanýap kanaly bilen onuň golaýyndaky zeýkeşiň üstünden geçýän awtoulag köprüleri hem girýär. Köneürgenç etrabynyň çäginde gurulýan bu täze ýaşaýyş toplumy häzirki döwürde şähergurluşyk ulgamyna bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelip, ähli zerur durmuş-medeni we senagat maksatly desgalar, amatly ýaşaýyş jaýlary, dürli maksatly inžener-tehniki aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün ediler.
Bu obanyň gurlup gutarylmagy bilen, soňky ýyllarda welaýatda gurulyp ulanmaga berlen iri ýaşaýyş toplumlarynyň sanawyna ýene biri goşular. 2016-njy ýylda ulanmaga berlen we 144 gektar meýdanda ýerleşýän «Bagtyýar zaman» atly täze oba, şäher derejesindäki infrastrukturasyna eýedir; 2021-nji ýylda Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda gurlan ýaşaýyş toplumy – bu ýerde birnäçe dört gatly ýaşaýyş jaýy, 600 okuwça niýetlenen umumybilim berýän mekdebi, 240 orunlyk çagalar bagy, saglyk merkezi we beýleki durmuş-medeni hem-de tehniki maksatly desgalar bar; 2024-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen we 71 gektar meýdanda ýerleşýän ýaşaýyş toplumy – bu toplumda 70 sany dört gatly döwrebap jaý ýerleşip, umumylykda 1496 maşgalany ýerleşdirmäge niýetlenendir, şeýle hem 600 okuwça niýetlenen umumybilim berýän mekdebi, 240 orunlyk çagalar bagy we döwrebap saglyk merkezi bar.