Ï Şyrak baradaky rowaýat Daşoguz welaýatynyň teatrynyň sahnasynda janlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şyrak baradaky rowaýat Daşoguz welaýatynyň teatrynyň sahnasynda janlanar

view-icon 4626
Şyrak baradaky rowaýat Daşoguz welaýatynyň teatrynyň sahnasynda janlanar

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry täze möwsümiň açylyşyna taýýarlyk görýär we «Şyrak» atly spektaklynyň ilkinji görkezilişini taýýarlaýar. Bu eser Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň drama eserinde görkezilen gahrymanyň adyny göterýär.

Spektakl öz halkyny basybalyjylardan halas etmek üçin özüni gurban eden batyr çopan Şyrak baradadyr.

Rowaýata görä, pars patyşasy Dariý I uly goşuny bilen täze ýerleri basyp almak üçin ýörişe çykýar. Oňa Şyrak garşy çykýar. Ol bedeni ýenjilen ýagdaýda parslaryň öňünde peýda bolup, taýpadaşlaryndan ar almak isleýändigini aýdýar. «Dönüge» ynanan Dariý I goşunyny suwsuz çölüň jümmüşine alyp girýär, şol ýerde onuň esgerleri suwsuzlykdan ölüp başlaýar. Aldaw ýüze çykandan soň, Şyrak gylyç bilen öldürilýär, emma onuň gahrymançylygy halkyny gulçulykdan halas edýär.

– Bu örän dramatik eser – diýip, spektakly sahnalaşdyrýan režissýor Guwanç Baýmedow belleýär. – Esasy maksadymyz tomaşaçylara baş gahrymanyň çäksiz watansöýüjiligini ýetirmek. Şyragyň pajygaly ykbalynyň agyrdygyny has täsirli görkezmek üçin welaýat sazçylyk mekdebiniň hor toparyny hem spektakla goşmagy makul bildim. Şeýle hem spektaklda kyssaçy çykyş eder.

Spektaklda köpçülikleýin sahnalar köp, ýöne wakanyň özenini iki esasy gahryman – pars patyşasy Dariý I, onuň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Babadurdy Babaýew we Şyragyň keşbini bolsa ýaş artist Begli Dowlyýew ýerine ýetirer.

«Şyrak» atly spektaklyň ikinji görkezilişi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp sentýabr aýynda görkeziler.