Ï Awaza forumy: medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin açyk meýdança
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awaza forumy: medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin açyk meýdança

view-icon 5502
Awaza forumy: medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin açyk meýdança

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Şeýle wekilçilikli forumyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi Watanymyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, medeni-ynsanperwer ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde giňden goldanylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Bu maslahatyň çäklerinde Ýaşlar forumynyň geçirilmegi biz, ýaşlar üçin aýratyn bellenilmäge mynasyp wakalaryň biridir. Forumda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak üçin yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny, ýaşlaryň özgertmeleriň we innowasiýalaryň hereketlendiriji güýjüdigini, olaryň pikirleriniň we parahatçylyga ymtylmalarynyň öz ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ýeňip geçmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, ýaşlary bu forumy tejribe alyşmak, innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak üçin ulanmaga çagyrdylar. Forumyň dowamynda türkmen tarapyna dabaraly ýagdaýda Ýaşlar Jarnamasy gowşuryldy.

Ýaşlar forumyna we maslahatyň çäklerinde geçirilýän beýleki forumlara meýletinçi-terjimeçi hökmünde gatnaşan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň mugallymy Gülşat Pirjanowa bilen söhbetdeşligimiziň dowamynda bular barada giňişleýin gürrüň berdi.

– Ýaşlar häzirki zaman dünýäsinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda aýratyn orun eýeleýärler. Bu maksatlar ugurlaryň giň toplumyny, şol sanda ýokary hilli bilim almagy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we ykdysady ösüşe ýardam bermek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda, jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýär hem-de olaryň gazanan uly üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri barada giňden beýan edilýär. 

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty uly halkara derejeli forumdyr. Bu foruma Türkmen döwlet medeniýet institutynyň birnäçe mugallymlary we talyplary uly işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň arasyndan öz talyplarym Nurana Annaýewa bilen Aýsoltan Abaýewany aýratyn bellemek isleýärin. Olar özleriniň terjimeçilik ussatlyklaryny görkezip, ençeme daşary ýurtlardan maslahata gelen myhmanlara ýardam etmekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Biz, ýaşlara şeýle uly ynam bildirip, halkara derejede geçirilýän maslahatlara gatnaşyp, dünýä ýüzündäki bolup geçýän ýagdaýlara öz oňyn sesimizi goşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.

Ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň geriminiň ähli ulgamlarda barha giňeldilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda medeniýet ulgamy hem möhüm ugurlaryň biridir.

Munuň şeýledigine BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guralýan medeni-ynsanperwer çäreleriň, aýratyn-da, dostluk konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň gerimi aýdyň şaýatlyk edýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlaryny bir sahnada jemleýän dabaraly konsert maslahatyň medeni maksatnamasynyň esasy çäreleriniň biri bolup durýar.

Şeýle çärelerde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor tans toparynyň ajaýyp milli çykyşlarynyň ýerine ýetirilmegi halkymyzyň taryhyny, ruhy gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny doly aýdyňlygy bilen şöhlelendirip, beýleki döwletler bilen medeni alyşmalaryň çäklerinde sungat gatnaşyklarynyň işjeňleşip, özara düşünişmek ýörelgeleriniň pugtalanmagyna, dostluk gatnaşyklarynyň binýadynyň has-da berkemegine giň ýol açýan wakalaryň birine öwrüldi.

Dostlukly ýurtlaryň medeniýetleri özboluşly aýratynlyklara eýe bolmak bilen, olary taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu ýurtlar baý medeni mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň häzirki zaman sungatynda, kinosynda, aýdym-sazynda we edebiýatynda uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi bu ýurtlaryň dünýäniň medeni ulgamyna işjeň goşulyşýandygyny aýdyň görkezýär.

Sähra Batyrowa,
Türkmen döwlet medeniýet instituty.