2025–2026-njy okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda mekdep bazarlary öz işine başlady. Olar okuw egin-eşiklerinden başlap kanselýariýa harytlaryna çenli giň toplumly harytlary hödürleýärler.

Ene-atalaryň amatlylygy üçin mekdep bazarlary diňe bir merkezi söwda nokatlarynda däl, eýsem, ýaşaýyş toplumlaryň töweregindäki bazarlarda hem işleýär. Okuw esbaplarynyň köp görnüşleri söwda merkezlerinde satylýar, bu ýerde harytlary deňeşdirip, önümleriň iň amatlysyny saýlap bolýar.
Çagany täze okuw ýylyna taýýarlamak jogapkärli işdir. Şonuň üçin köp ene-atalar awgust aýynyň başynda söwda edip başlaýarlar. Tomus möwsüminde çagalaryň ösýändigi sebäpli täze okuw egin-eşiklerini we aýakgaplaryny satyn almak ilkinji nobatdaky wezipä öwrülýär. Mekdep bazarlaryna çykarylan harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzyň önüm öndürijileri, hususy we döwlet kärhanalary tarapyndan öndürilýändigi aýratyn guwandyryjydyr.

Çagalaryň aýakgaplaryny saýlamakda önümiň hiline, ýumşaklygyna, amatlylygyna we aýakgap ölçeginiň laýyklygyna üns bermek möhümdir. Türkmen kärhanalary tebigy deriden tikilen, içi tebigy mata bilen üpjün edilen önümleri hödürleýärler. Bu bolsa çagalaryň aýaklarynyň saglygyny we rahatlygyny üpjün edýär.
Bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin amatly sport aýakgaplary hem möhümdir. «Türkmenistan» haryt nyşanly sport lybaslary, ak futbolkalar we başgaplar uly meşhurlyga eýedir.
Okuw torbalary täze okuw ýyly üçin möhüm esbaplaryň biri bolup galýar. Olary saýlanyňyzda, olaryň giňligine we götermäge amatlylygyna üns bermek gerek.
Milli nyşanly depderler, albomlar, gündelikler, penallar, daşlyklar, dürli görnüşli ruçkalar, galamlar, pozguçlar ýaly okuw üçin zerur ähli kanselýariýa harytlarynyň hemmesini bir ýerden satyn almak bolýar.
Mekdep bazarlarynyň giň ulgamy arkaly ene-atalar çagalaryny täze okuw ýylyna gysga wagtda, elýeterli bahalardan taýýarlamak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.