Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary, režissýor Mekan Jumabaýewiň ýolbaşçylygynda, dramaturg Aýna Ataýewanyň «Mähirli ene» pýesasy esasynda «Mährem ene» atly täze, goşgy görnüşindäki täsin sahna oýnunyň üstünde işleýär.
Bu erteki geň galdyryjy wakalar bilen başlaýar: Döwüň mährem ýar ýoldaşy aradan çykyp, ondan bir ogly – Döwjagaz galýar. Kakasy ony üç ogluny mähir bilen terbiýeläp ýören bir enäniň öýüne getirýär-de, kämillik ýaşyna ýetýänçä öz ogly ýaly, terbiýelemegini haýyş edýär. Wagtyň geçmegi bilen, mährem enäniň terbiýesi erbetlikden üstün çykýar. Döwjagaz kakasy ýaly belent boýly, güýç-gaýratly bolup ýetişýär, ýöne doganlary ýaly ýüregi ýumşak we ýagşy niýetli bolýar. Döwüň özüniň bolsa muny nähili garşy alandygyny ertekiniň ahyrynda bilip bolar.
Ertekiniň baş gahrymanlaryny – Oguldöndi Bäşimowa (Mährem ene), Türkmenistanyň at gazanan artisti Annaçary Kakabaýew (Döw), Söhbet Paşagulyýew (Döwjagaz) ýerine ýetirýär. Üç ogul – ellik gurjaklar, olary janlandyryjylar bolsa Gülnar Orazgeldiýewa, Şirin Ataýewa we Ogulaý Akmammedowa. Sahna bezeginde suratkeş-sahnaçy Didar Allakow täsin çözgütleri bilen tomaşaçylary haýrana goýýar. Döwüň gowagy bolsa täsin kölege oýunlary arkaly janlandyrylýar. Şol bir wagtyň özünde režissýor-sahnaçy Urmatkan Meläýew William Şekspiriň «Romeo we Žulýetta» eserine täzeçe, synag görnüşindäki çemeleşme bilen spektakl taýýarlaýar. Terjimäniň we sahnalaşdyrmanyň awtory Annaly Berdiýew. Bu spektaklda hem aktýorlar, hem-de gamyş gurjaklary çykyş ederler.