Ï Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň sany artdyrylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň sany artdyrylar

view-icon 3886
Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň sany artdyrylar

11-nji awgustdan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň sany artdyrylýar. Bu barada «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ habar berýär.

Awtobuslar Aşgabat şäherindäki Halkara awtomenzilinden (A.Nyýazow şaýoly, 422) ugrap, Türkmenbaşy şäherindäki awtomenzile çenli hereket eder. Ýeke tarapa ýol peteginiň bahasy 65 manat.

Aşgabat – Türkmenbaşy ugrundan başga-da, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça hem awtobus gatnawlary hereket edýär. Aşgabat – Awaza ugry boýunça ýol peteginiň bahasy uly ýaşly ýolagçylar üçin 75 manat, 5 ýaşdan 13 ýaşa çenli çagalar üçin bolsa 37,5 manat bolýar. Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobuslar her gün iki gezek hereket edýär. Awtobuslar Aşgabatdaky Halkara awtomenzilinden sagat 06:00 we 06:30-da ugrap, ýol wagty sekiz sagat dowam edýär.

Awtobus gatnawlaryň petekleri onlaýn görnüşde «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň resmi sahypasyndan (auh.com.tm) we «Şäherara bilet» atly ykjam goşundysy arkaly satyn alyp bolýar. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň bellemegine görä, raýatlaryň ýolagçy hyzmatlaryny gowulandyrmak maksady bilen, bu ugurlar boýunça gatnawlaryň sanynyň artdyrylmagyna degişli teklipler göz öňünde tutulýar.

Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 12) 44-35-20, 861 49 34 95.