Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bu bäsleşigiň deslapky etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.


Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki baýramçylyk lybasynda bezelen meýdançada geçirilen bu bäsleşik bagtyýar zamanamyzyň nurana keşbini şöhlelendirýän milli sungatymyzyň alyslara ýaň salan toýuna öwrüldi. Türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän milli aýdym-saz ýörelgesiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy bilen ajaýyp sazlaşygyny emele getirýän milli sungatymyzyň geljegini kesgitleýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşigiň aýdym-saz muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny belläp geçmek buýsançlydyr. Ýokary ruhubelentlige beslenen bäsleşigiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk toýy, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaly nukdaýnazardan ugur alnyp geçirilmegi bu dabarany taryhy pursatlara öwürdi.


Bäsleşikde agzybir halkymyzyň bagtyýar, parahat we abadan durmuşyny, milli gymmatlyklarymyzy, watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly mukaddes ýörelgelerimizi wasp edip, ýokary derejede ýerine ýetirilen aýdymlar milli sungatymyzyň pajarlap ösýändigini, halypalaryň döreden sungatynyň ýaş zehinler tarapyndan ynamly dowam etdirilýändiginiň buýsançly buşlugyna öwrüldi. Ýaş aýdymçylar üçin özboluşly synaga öwrülýän bu bäsleşigiň oňa gatnaşýan aýdymçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza eşretli döwrümiz, nurana geljegimiz üçin alkyşnama aýdymy bilen badalga almagy bu ýere ýygnanan aýdym-saz muşdaklarynyň ruhuny has-da galkyndyrdy.


Bäsleşikde ýene-de bir bellenilmeli ýörelgeleriň biri — oňa gatnaşan aýdymçylaryň dessanlarymyzdan, nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyndan, döwürdeş şahyrlarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer taglymaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, eşretli zamanamyz baradaky şygyrlaryndan, şeýle hem ilat arasynda uly meşhurluga eýe bolan aýdymlardan öz sesine, ýerine ýetirijilik ukybyna ýakyn saz eserlerini seçip almaklarydyr. Bäsleşikde emin agzalary ýaş ýerine ýetirijileriň sahnada özlerini alyp baryşlaryna, saýlap alan aýdymlaryna, olaryň sözleriniň dürs ýerine ýetirilişine, ýerine ýetirijilik ussatlygyna görä baha berdiler.


Ýurdumyzyň belli sungat ussatlaryndan ybarat eminler toparynyň gelen netijesi boýunça Darganata etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Durdymyrat Abdullaýew we Saýat etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Resul Guwanjow bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we olar «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda ter gül desseleri hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


Ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenip geçen bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazly zamanamyzy wasp edýän «Ýaňlan, Diýarym!» aýdymy hoş owazly, döwletli-döwranly döwrümiz üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza kalplardan çykýan hoşallyk senasyna öwrüldi.