Ï Mekdep bazarlary — harytlaryň bolçulygynyň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep bazarlary — harytlaryň bolçulygynyň kepili

view-icon 6770
Mekdep bazarlary — harytlaryň bolçulygynyň kepili
Mekdep bazarlary — harytlaryň bolçulygynyň kepili
Mekdep bazarlary — harytlaryň bolçulygynyň kepili
Mekdep bazarlary — harytlaryň bolçulygynyň kepili
Mekdep bazarlary — harytlaryň bolçulygynyň kepili
Mekdep bazarlary — harytlaryň bolçulygynyň kepili
Mekdep bazarlary — harytlaryň bolçulygynyň kepili
Mekdep bazarlary — harytlaryň bolçulygynyň kepili

Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde täze okuw ýylyna, şonuň bulen birlikde ýaş nesilleriň durmuşynda ýatdan çykmajak yz galdyrýan «Bilimler we talyp ýaşlar gününe» taýýarlykly barmak üçin diňe bir bilim edaralarynda däl, eýsem, ilatyň üpjünçiligi bilen baglanyşykly beýleki edara-kärhanalarda hem degişli işler alnyp barylýar. 

Oňa Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň welaýatyň ähli ýerinde ýaýbaňlandyran «Mekdep bazarlaryny» mysal getirmek bolar. Bu edara tarapyndan 1-nji awgustdan 5-nji sentýabr aralygynda hereket etjek söwda nokatlarynyň 67-si häzirki wagtda alyjylara hyzmat edýär. Olaryň 34-si welaýatyň çäginde ýerleşýän bazarlarda, 33 sanysy bolsa dükanlaryň ýanaşyk ýerlerinde ýerleşýär. 

«Mekdep bazarlarynda» ýurdumyzyň orta bilim berýän mekdeplerinde okaýan ýaş nesiller üçin okuw esbaplarynyň dürli görnüşleri, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna görä mekdep lybaslary alyjylara hödürlenýär. Bu söwda nokatlarynda okuwçylaryň okuw derslerinden daşary dürli döredijilik ugurlary bilen meşgullanmagy üçin esbaplaryň bardygyny, olaryň söwda nokatlaryna gelýänleriň höwes bilen satyn alýandyklaryny bellemek bolar. «Mekdep bazarlarynyň» ýene-de bir aýratynlygy bu ýerlerde ýaş nesillere hödürlenýän okuw esbaplarynyň hem-de mekdep lybaslarynyň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýän önümler bolmagydyr. 

Bu bolsa milli ýörelgelerimize laýyklygy hem-de önümleriň hil derejesiniň ýokarylygyny üpjün edýär. Gündogar sebitiň Alyjylar jemgyýetleri birleşigine degişli söwda nokatlaryndan başga-da «Lebap» döwlet lomaý bölek söwda firmasy tarapyndan hem okuw esbaplarynyň we mekdep lybaslarynyň ähli görnüşlerini öz içine alýan söwda nokatlarynyň 10 sanysynyň döredilendigini, olaryň 6-synyň welaýat merkezindäki bazarlarda, 2-siniň Seýdi we 2 sanysynyň hem Magdanly şäherlerinde ýerleşýändigini belläp geçmek bolar. Bulardan başga-da Türkmenabat şäheriniň çäginde we welaýatyň etrapdyr şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda we hususyýetçilige degişli dükanlarda hem okuw esbaplarynyň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenýär. Häzirki wagtda «Mekdep bazarlaryna» we okuw esbaplary hem-de mekdep lybaslary satylýan dükanlara gelýänleriň yzy üzülmeýär. Bu bolsa, 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine ýaş nesilleriň doly taýýarlykly, buýsanç bilen gadam basjakdyklaryna şaýatlyk edýär.