Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy we bäş sany talyby Malaýýa uniwersitetiniň (Malaýziýa) binýadynda 3 – 9-njy awgusty aralygynda geçirilen «Future is Now» diýen tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar.
Tomusky okuwyň baý maksatnamasynyň çäklerinde talyplar dürli dersler boýunça täze bilimleri özleşdirdiler hem-de öz hünärleri boýunça hünär başarnyklaryny gowulandyrdylar. Türkmen topary bilimiň dürli ugurlarynda häzirki zaman dünýä tejribeleri we öňdebaryjy işler, innowasion çemeleşmeler hem-de döredijilik mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Bu bolsa çärä gatnaşyjylaryň hünär boýunça işlerini berkitmäge we ösdürmäge mümkinçilik berdi.

Bu bilim başlangyjy 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýýa uniwersitetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Ikitaraplaýyn ylalaşyk talyplary we mugallymlary alyşmaga, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmäge, ylym-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmäge hem-de ylym we bilim ulgamynda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Malaýýa uniwersiteti Kuala-Lumpur şäheriniň merkezi böleginde ýerleşen gadymy we abraýly jemgyýetçilik ylmy-barlag uniwersitetidir. Uniwersitet Malaýziýanyň ylmy-barlag uniwersitetleriniň 5-siniň naýbaşy toparyna girýär.
Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň bilim çärelerine gatnaşmagy mugallymlaryň hünär ussatlygynyň baýlaşmagyna hem-de ýurt üçin ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna, halkara ylmy gatnaşyklaryň giňeldilmegine we türkmen ýokary okuw mekdeplerini ösüşiň halkara derejesine çykarmaga ýardam edýär.