Şu ýylyň 2-nji maýynda Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzilimiň ulanylmaga berilmegi ýatdan çykmajak ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi. Onuň Mollagara şypahanasyna golaý, bary-ýogy birnäçe kilometrlikde ýerleşmegem bu ýere gelýän raýatlar üçin birgiden ýeňillikleri döretdi.
Tomsuň häzirki has yssy günlerinde hem melhemler mesgenine dynç almaga, saglygyny berkitmäge gelýän adamlaryň sany hasam artýar. Bagtyýar raýatlar döredip berlen ählitaraplaýyn amatly şertlerdir mümkinçilikler üçim Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler.


Dünýä ýüzünde giňden meşhurlyga eýe bolan Mollagara şypahanasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, ösen kämil lukmançylyk enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilmegi taryhy eýýamymyzda il-ulsumyzyň şypahana bejergisine, dynç alşa bolan isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrýar. Onuň tebigy baýlyklaram bejeriji palçyklar, şypa beriji duza baý mineral suwlary hasaplanylýar.


Ajaýyp şypahananyň döwrebap binalar toplumynyň düzümine alty gatly, jemi 500 orunlyk ýatymlaýyn baş binasam girýär. Şeýle-de bejeriş-anyklaýyş binasy, iki gatly gözellik merkezi, 170 orunlyk myhmanhana, durky täzelenen iki gatly bejeriş-sagaldyş binasy, 30 orunlyk çagalar bölümi ýerleşdirilen bina, 250 orunlyk naharhana, kitaphana, internet-kafe, restorandyr dükanlar bar. Mundan başga-da şypahananyň işgärleri üçin niýetlenen alty sany 123 öýli ýaşaýyş jaýy, kömekçi desgalar ýerleşýär.


Toplumda palçyk, duzly suw, fiziobejeriş, bedenterbiýe, anyklaýyş bölümlerinden başga-da, sowuk howa akymy, ýokary atmosfera basyşy, Garagumuň gyzgyn çägesi we ozon bilen bejerişler, gyzgyn daşlar, duzly, mineral howadan dem almak arkaly bejerişler kämil ýola goýlupdyr. Esasanam, nerw, daýanç-hereket ulgamynyň keselleri, guragyry, ginekologiýa, peşew-jyns organlarynyň keselleri bejerilýär.


Gyzgyn palçyk arkaly edilýän emlerem beden agzalary üçin hasam peýdaly bolup durýar. Palçykdyr suwly wanna nobatma-nobat kabul edilende, dyzlara, bogunlara duz ýygnanmagy, bil süňkleriniň sowuklamagy ýaly sökelliklerem gaýra tesýär. Şonuň ýaly-da palçyk kada laýyk gyzdyrylyp, ulanylmak bilen kentlewigiň sowuklamagynyň öňüni almak, gulak agyryny, ýüze düşýän ýakallary, örgünleri aýyrmak, tene näziklik bermek, sowuklama ýaly keselleri bejermekde özboluşly melhemdir. Kämil häzirki zaman enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen toplumda oňurga ýiligine, süňküne zeper ýeten adamlara hem toplumlaýyn saglygyny dikeldiş-bejeriş çäreleri düýpli ýola goýulýar. Mollagaranyň şypahana hökmünde meşhurlyga eýe bolmagynda onuň çägindäki kölüň ähmiýetem has ýokarydyr. Ýeri gelende aýtsak, kölüň gyrmançaly palçygyna we şor suwuna taý geljek başga bir melhemler mesgeni Zemin ýüzünde-de seýrekdir diýsek ýalňyşmasak gerek. Mukaddes kölüň boýundaky gür ýylgyn tokaýlygyna bürenen çägesöw topragynda hem täsin, özboluşly görnüşler höküm sürýär. Munuň özi, eziz Watanymyzyň gözel künjeginiň diňe derde dermanlyk suwy, palçygy bilen tapawutlanman, eýsem, arassa çägesiniň, amatly ekologiýa gurşawynyň hem tapylgysyz melhem bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.


Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly kitabynda hem Mollagara şypahanasynyň tebigy bejeriş aýratynlyklaryna iňňän ýokary baha berilýär. Şeýle-de hormatly Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby esasynda taýýarlanýan melhemler, birgiden bejerişler özboluşlylygy, hilidir netijeliligi bilen tapawutlanýar.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahana 30 gektar meýdany tutup, özbaşdak ajaýyp şäherçäni ýada salýar. Meşhur şypahanada raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ýöriteleşdirilen merkezleriň, amfiteatryň, gözellik salonyň, dellekhananyň, howuzyň, hammamyň, saunanyň, bilýarddyr tennis zallarynyň, sport meýdançalaryň, beýleki amatlyklaryň bolmagam şypahana bejergisiniň netijeli bolmagyna oňat täsirini ýetirýär. Olaryň ählisi ösen lukmançylyk enjamlarydyr zerur serişdeler bilen birkemsiz üpjün edilendir.