Ï Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

view-icon 6403
Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

25-nji awgustdan 31-nji awgusta çenli ýurdumyzyň köp sebitlerinde howanyň temperaturasy gündizlerine +36…+39 gradus yssy bolup, gijelerine bolsa howanyñ temperaturasy +24…+28 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyñ temperaturasy gündizlerine +34…+37 gradus, gijelerine +21…+23 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ahal welaýatynda açyk howa bolup, howanyñ temperaturasy gündizlerine +32…+37 gradus, gijelerine bolsa +19…+24 gradus, käbir ýerlerde +23…+28 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyñ temperaturasy gündizlerine +35…+40 gradus, gijelerine +23…+28 gradus maýyl. Kenarýaka sebitlerinde gündiz howanyñ temperaturasy takmynan +36 gradus bolar.

Mary welaýatynda güneşli howa garaşylýar. Howanyñ temperaturasy gündizlerine +33…+38 gradus, gijelerine bolsa +19…+24 gradus, käbir ýerlerde +22…+27 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda açyk howa bolup, gündizlerine +32…+37 gradus, gijelerine +18…+23 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda güneşli howa bolup, howanyñ temperaturasy gündizlerine +31…+36 gradus, gijelerine bolsa +17…+22 gradus, käbir ýerlerde +20…+25 gradus aralygynda maýyl bolar.