Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Federasiýasynyň hem-de Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekilleriniň duşuşygy tamamlandy
Munuň netijesinde hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Kataryň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň arasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Russiýanyň Gyzyl Haç guramasynyň arasynda özara düşünişmek Ähtnamalaryna gol çekildi.

– Aşgabatdaky duşuşyga gatnaşmagymyz biziň üçin uly hormat – diýip, Kataryň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wise-prezidenti Ebrahim Haşim Al-Sada aýtdy. – Gol çekilen Ähtnamanyň çäginde biz meýletinçilik we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdüreris. Kataryň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti Ýakyn Gündogarda we onuň çäklerinden daşarda ynsanperwerlik işlerinde möhüm tejribe toplady. Häzir biz Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýäris.

Russiýanyň Gyzyl Haç guramasynyň (RGHG) başlygy Pawel Sawçugyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Russiýanyň Gyzyl Haç guramasynyň arasynda gol çekilen Ähtnama ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine goşmaça itergi boldy. Ol Russiýanyň adatdan daşary ýagdaýlarda toplan tejribesiniň türkmen kärdeşleri üçin peýdaly bolup biljekdigini nygtady. Aýratyn bir duşuşykda sebit şahamçalarynyň ýolbaşçylary RGHG tarapyndan döredilen göçme jaýlara we çadyrlara uly gyzyklanma bildirdiler.

– Bu enjamlaryň ulanylyşyny öwretmek üçin hünärmenlerimizi ibermäge taýyn, sebäbi bu iş ýörite başarnyklary talap edýär. Şeýle nokatlar kömek bermek üçin gowy gural bolup biler. Elbetde, diňe bir dolandyryjylar derejesinde däl, eýsem, adaty işgärler, bölümler we meýletinçiler derejesinde hem işleşmek gaty möhümdir. Şonuň üçin meýletinçiler alyş-çalşygy jemgyýetlerimiziň arasynda işjeň ösdürmegi meýilleşdirýän ýene bir ugrumyzdyr.

GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň iki günlük duşuşygy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ynsanperwerlik we Bitaraplyk» şygary astynda geçdi. Oňa gatnaşanlar her Milli jemgyýetiň ösüşindäki möhüm meseleleri – adatdan daşary ýagdaýlarda etmeli işlerden we halkara ynsanperwer kanunlaryndan başlap, ynsanperwer diplomatiýa, meýletinçileri ýygnamak we kanunçylyk kadalaryna çenli ähli meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu çäräniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenmeginiň öňüsyrasynda, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde bolup geçmegi aýratyn mana eýedir. Ol gazanylan ylalaşyklaryň aýratyn ähmiýetini nygtady.