Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdepde belli türkmen ýazyjysy, dramaturg we şahyr Hemra Şirow bilen ýaş okyjylaryň döredijilik duşuşygy geçirildi. Onuň 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy bu çäräni gurady.
Hemra Şirow 1950-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Beşir obasynda doguldy. Ol özüniň çagalyk ýatlamalaryny paýlaşyp, döredijiligine çuňňur täsir eden uruşdan soňky ýyllarda geçen çagalyk döwrüniň kynçylyklary hakynda gürrüň berdi. Şahyr köp çagaly maşgalada önüp-ösüpdir. Şahyryň kakasy, uruş weterany, mugallym Şir Weliýew we ejesi çagalaryna döwrebap terbiýe bermek bilen meşgul bolupdyrlar. Şol döwürde çagalaryň iň halaýan güýmenjesi radio bolupdyr, olar radioda türkmen artistleriniň çykyşlaryny höwes bilen diňläpdirler.

Şahyryň ilkinji goşgulary heniz mekdepde okaýarka «Pioner» žurnalynda we «Mydam taýýar» gazetinde çap edildi. Onuň zehini tiz wagtda göze ildi. Geljekki şahyr eýýäm altynjy synpda okaýarka ýaş ýazyjylaryň respublikan okuw maslahatlaryna gatnaşyp, ol ýerde Berdi Kerbabaýew, Aman Kekilow we Ýakup Pirgulyýew ýaly beýik şahsyýetler bilen tanyşdy.
Mekdebi tamamlanyndan soň Hemra Şirow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (şol wagtky M.Gorkiý adyndaky TDU) türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Ol talyplyk ýyllarynda habarçy bolup işlemek bilen, makalalaryny tahallus bilen çap etdirýärdi.

Edebiýatçynyň döredijiliginde onuň Kamçatkada (Russiýa) gulluk eden döwri aýratyn orun tutýar. Bu ýer ony «Wulkanlar ülkesinde», «Günüň dogýan ýurduna syýahat» atly goşgular kitaplaryny hem-de «Ummanyň ogullary» atly powesti döretmäge ruhlandyrýar.
Hemra Şirowyň eserleri dünýäniň köp dillerine, şol sanda rus, pars, türk we ýapon dillerine terjime edildi. Mundan başga-da, şahyryň özi meşhur terjimeçi bolup, ol daşary ýurtly awtorlaryň eserlerini türkmen okyjylary üçin terjime etdi.

Duşuşygyň dowamynda mekdep okuwçylary şahyryň goşgularyny labyzly okadylar. Şahyr bolsa çagalar bilen gyzykly gürrüňdeşlik geçirip, olaryň sowallaryna jogap berdi. Çäräniň ahyrynda ýaş okyjylar ýazyja gül desselerini sowgat berdiler. Olar Hemra Şirow bilen bilelikde kitap sergisini synladylar. Sergide her bir çaga ýazyjy bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolmaga we onuň elini gysyp, salamlaşmaga mümkinçilik aldy.
Köp çagaly maşgalanyň atasy Hemra Şirow häzirki wagtda hem döredijilik we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýar. Ol geljekki nesle söze bolan söýgüsini we döredijilik ylhamyny bermek üçin hemişe wagt tapyp, okyjylary bilen ýygy-ýygydan duşuşýar, telewideniýede çykyş edýär.