Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde iş kesilen adamlaryň 225-siniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Döwlet Baştutanymyz sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilip durulýandygyny belledi. Şeýle çäreleriň hatarynda jenaýat edendikleri üçin iş kesilen, ýöne eden günälerine tüýs ýürekden ökünýän raýatlaryň günäsini geçmek çäresi bar.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewiň öňünde hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde iş kesilen adamlary jeza çäresini çekýän ýerlerinden boşatmak hem-de ýakyn wagtda maşgalalaryna dolanyp barmaklary üçin zerur işleri geçirmek barada wezipe goýdy.
Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.