Ï Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym

view-icon 2614
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
camera-icon
Ýusup Türşekow

2025-nji ýyl horeograf Seýitnepes Nepesow üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy: onuň şu ýyl 80 ýaşy doldy we ýurdumyzyň tans medeniýetine goşan uly goşandy üçin «Türkmenistanyň halk artisti» diýen ada mynasyp boldy.

Biz Seýitnepes Nepesow bilen duşuşdyk we ony bu şatlykly waka bilen gutlap, ondan özi we şeýle ýokary baha mynasyp bolan zähmet ýoly barada gürrüň bermegini haýyş etdik.

– Çagalygymdan aýdym-saza höweslidim: dutar çalýardym, aýdym aýdýardym – diýip, Seýitnepes Nepesow gürrüňe başlady. – 1958-nji ýylda men – gyzylarbatly ýigdekçe Respublikan sazçylyk internatynyň klarnet synpyna okuwa girdim. Bir ýylyň içinde iki ýyllyk okuw meýilnamasyny özleşdirdim we ikinji ýyldan bökdürilip, üçünji ýyla kabul edildim. Geljekki durmuşymy düýpgöter üýtgetjek bir waka bolmadyk bolsady, onda men ökde klarnetçi bolardym. Moskwanyň horeografiýa mekdebinde okajak çagalary saýlamak maksady bilen RSM-e moskwaly horeograflaryň topary geldi. Tansda geljegine umyt besläp boljak ýaşlaryň arasynda men hem bardym.

– Tans etmek isleýärmiň? – diýip, menden soradylar.

– Bilemok – diýip, men çynymy aýtdym, çünki mende klarnetde saz çalmak höwesi hem bardy.

Maşgala geňeşine gatnaşanlar iki topara – garşylara we tarapdarlara bölündi. Tarapdarlar köpräk boldy, netijede men Moskwa şäherine gitdim. Mugallymlarymyza, esasan hem öz işiniň uly ussady bolan Ýuriý Alekseýewiç Bahruşine buýsanýaryn. Birinji ýarymýyllyk meniň üçin diýseň kyn boldy. Umumy bilim berýän dersleriň ählisinden diýen ýaly pes baha aldym. Mugallymlar geňeşinde meni okuwdan çykarmak meselesine garaldy. Mugallym Ýuriý Grigorýewiç Kondratýew meniň tarapdarym bolup çykyş etdi: «Bizde, näme, tansa zehinli talyp şeýle köpmi? Ol rus dilini gowşak bilýärmi, diýmek öwrenmäge kömek ediň!»

Çagalaryň ählisi gyşda dynç alyş öýlerine gitdiler, olar gar oýnaýardylar, lyžada taýýardylar, men bolsam mugallymym bilen rus dilini öwrenip başladym. Dört-bäş aýyň içinde adaty gepleşik diline geçdim, özem töweregimdäkileriň belleýşi ýaly, çalgyrt gürlämokdym. Biziň bilen bir internatda ýaşaýan kubaly, çilili, indoneziýaly we hytaýly çagalar diňe iki-üç ýyldan soň gürläp başlaýardylar.

Baýramçylyklarda mekdep ýolbaşçylary tanymal sungat işgärlerini myhmançylyga çagyrýardylar. 1961-nji ýylyň 8-nji martynda bize balet äleminde rowaýata öwrülen SSSR-iň halk artisti Galina Sergeýewna Ulanowa geldi. Ol sowet baletiniň bütin dünýäni haýrana goýýandygy barada gürrüň berdi. Galina Ulanowanyň birtopar çaga bilen düşen suraty şol duşuşykdan maňa bahasyna ýetip bolmajak ýadygärlik bolup galdy, şol çagalaryň arasynda men hem bardym.

1965-nji ýylyň 9-njy maýynda Maýa Plisetskaýa we Nikolaý Fadeýeçewiň baş keşpleri ýerine ýetirmeginde Kremliň gurultaýlar köşgüniň sahnasynda «Guw köli» baleti goýuldy. Köpçülikde men tans etdim. Şonda men kemsiz-köstsüz tans etmek üçin elimden gelenini etdim. Maýa Mihaýlowna Plisetskaýanyň hut özi bilen bir sahnada tans edendigim baradaky buýsançly düşünje bolsa biraz soňrak geldi. Munuň hut şeýle bolmagy gaty gowy zat, ýogsam men tolgunardym we belki-de, ýalňyşardym.

Tanymal adamlar bilen baglanyşykly başymdan geçen ýene bir gyzykly hakykat: Pýotr Antonowiç Pestowyň synpynyň ilkinji uçurymy mendim, Nikolaý Tsiskaridze bolsa iň soňkudy.

1966-njy ýylda Moskwanyň horeografiýa mekdebini tamamlanymdan soň, Moskwa bardym we türgenleşmek üçin käbir dostlarym bilen taýýarlyk otagyna girdim. Igor Moiseýew – SSSR-iň Halk tans ansamblyny esaslandyran we uzak wagtlap oňa ýolbaşçylyk eden adam – meni görüp, öz ýanynda işlemegimi teklip etdi.

– Ýok, – diýip men jogap berdim, – meni okuwa Türkmenistan iberdi, men şol ýerde hem işlemeli.

Igor Moiseýewiň teklibi örän ýakymlydy, ýöne men başgaça edip bilmezdim. Aşgabada gelenimden soň Magtymguly adyndaky Türkmen opera we balet teatrynyň döredijilik toparyna goşuldym, şol hem meniň täze maşgalam boldy. Şu günüň nukdaýnazaryndan yza garanymda, meniň döredijiligim iki bölege bölünýär: artistlik we mugallymlyk.

Men Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde halk tans bölümine ýolbaşçylyk etdim. Döredijilik toparynyň taýýarlyk derejesine baha bermekde festiwallara gatnaşmak möhüm ähmiýete eýedir. 1987-nji ýylda Kişinýowda bu sungat görnüşine täze gelen ýaly görnen bolsak, 1991-nji ýylda Ýerewanda beýlekiler bilen deň dereje bolduk. Muňa nusgawy tans bölüminiň açylmagy ýardam etdi we çagalarymyz puantly çykyş edip başladylar. 1992-nji ýylda bolsa Minskde geçen «Men baleti söýýärin» atly ilkinji halkara horeografik festiwalynda «Yhhymmyl» türkmen halk tansy we kürt gyzlar tansy üçünji derejeli diploma hem «Hrustal balerina» baýragyna mynasyp boldy.

Häzirki wagtda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk internatynyň horeografiýa bölüminde mugallymçylyk edýärin. Horeografiýa bölüminde işleýän alty mugallymyň dördüsi meniň okuwçym. Bölüme öňki uçurymym Ýelena Seýitgulyýewanyň ýolbaşçylyk etmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Men bu ýagdaýy aňryýany bilen oňlaýaryn, çünki şägirt halypadan ozdurmaly diýip hasap edýärin.

Ýelena Seýitgulyýewanyň okuwçylaryndan biri Aýşa Rejepowa şu ýyl wideo baglanyşyk arkaly «Karmen suite» wariasiýasyny we «Çarli Çaplin» kompozisiýasyny ýerine ýetirip, «Sungat planetasy-2025» halkara onlaýn bäsleşigiň baýragyna mynasyp boldy. Aýşa bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň oktýabr aýynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek 43-nji mejlisine bagyşlanan konserte çagyryldy.

Şeýle hem oktýabr aýynda Arkadag şäherinde Wena balynyň geçiriljekdigini, oňa-da talyplarymyzyň gatnaşjakdygyny goşmak isleýärin. Bu çäräni her ýyl synlaýaryn we her gezegem bir zady – okuwçylarymyzyň tans ussatlygy bilen beýlekilerden tapawutlanýandyklaryny begenç bilen belleýärin.

Ýeri gelende aýtsak, her ýylyň maý aýynda jemleýji konsert geçirýäris. Konserte giriş tölegsiz, geliň, tomaşa edip, horeografiýa bölüminiň okuwçylarynyň çykyşlaryndan uly lezzet alarsyňyz.

Aktrisa Faina Ranewskaýa bir gezek şeýle diýipdi: «Balet – bu bägüldir we agyr zähmetdir». Bu geň galdyryjy derejede takyk jümle maňa sazçylyk mekdebinde okap başlanymdan bäri, bütin ömrümde hemra bolup gelýär. Şeýle-de bolsa, durmuşymyň tansdan aýrylmazdygyny bagt saýýaryn.