Ï Metbugat sowatlylygy – ýaşlaryň howpsuzlygynyň möhüm şerti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Metbugat sowatlylygy – ýaşlaryň howpsuzlygynyň möhüm şerti

view-icon 2817
Metbugat sowatlylygy –  ýaşlaryň howpsuzlygynyň möhüm şerti

Ýalan maglumat berip, halkyň pikirini bulaşdyrma we galplyklar gündelik durmuş hakykatyna öwrülýän häzirki zaman maglumat jemgyýetinde maglumata tankydy baha bermek we seljeriş ukyplaryny ulanmak zerurdyr.

Radikal ideologiýalaryň ýaýramagy babatynda iň gowşak topar ýaşlardyr. Maglumat gurşawy ýetginjekleriň we ýaşlaryň dünýägaraýşynyň, gymmatlyk ulgamynyň we durmuşdaky maksatlarynyň emele gelmegine ep-esli derejede täsir edýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ýaş nesliň arasynda metbugat sowatlylygyny ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Daşarky howplary nädip dep etmeli, ygtybarly habarlaryň mazmunyny nädip seljermeli we zorlukly ekstremizmiň wagyz edilmegine nädip, garşy durmaly – ine, şu meseleler ÝHHG-niň Transmilli howplar bölüminiň Terrorçylyga garşy bölümi bilen bilelikde Aşgabatda geçiren okuwynda esasy meseleler boldy. 

Okuwa talyplar – geljekki žurnalistler we hukukşynaslar, şeýle hem Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we ýerli jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Okuwa gatnaşanlar iki günüň dowamynda halkara we milli hünärmenleriň çykyşlaryny diňlediler, iş toparlarynda amaly tabşyryklary ýerine ýetirdiler we metbugat sowatlylygyny hem seljeriş ukyplaryny ýokarlandyrýan gurallary özleşdirdiler. Şeýle hem, esasy adam hukuklaryna, şol sanda pikiriňi beýan etmek azatlygyny göz öňünde tutmak bilen, internetde ekstremist we bikanun mazmuna garşy göreşmegiň usullaryny öwrendiler.

Iň işjeň derslerden biri-de, emeli aňyň (EA) çalt ösýän we onuň metbugat giňişligine täsir edýän şertlerinde tankydy pikir ýöretmegiň ähmiýeti barada çekişme boldy. Bu ýerde alan bilimleri okuwa gatnaşanlara maglumat akymynda has netijeli ugur saýlamaga we ýaramaz täsirlere garşy durmaga kömek eder.

Çagyrylan hünärmenler Döwran Halow (Türkmenistan) we Anastasiýa Reşetnýak (Gazagystan) maglumatlaryň ygtybarlylygyny we dogrulygyny kesgitlemek hem hakykaty hyýaldan tapawutlandyrmak ukybynyň ösdürilip bilinjek we ösdürilmeli endikdigini aýtdylar.

Bu çäre ÝHHG tarapyndan Türkmenistanda milli habar beriş serişdeleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri üçin guralan metbugat sowatlylygy okuwyndan soň boldy. Bu okuw häzirki zaman metbugat meýillerine bagyşlandy. Ol «INFORMED: zorlukly ekstremizmiň öňüni almakda maglumat we metbugat sowatlylygy. Sanly maglumat bulam-bujarlyk meselesini çözmek üçin, hukuk goraýjy we gender esasly çemeleşmeler» taslamasynyň çäginde işlenip düzülen okuw maksatnamasyna esaslanýar.