Ï Türkmenistanda täze şäherleriň, obalaryň we iri senagat desgalarynyň gurluşygy ýokary depginde dowam eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda täze şäherleriň, obalaryň we iri senagat desgalarynyň gurluşygy ýokary depginde dowam eder

view-icon 2024
Türkmenistanda täze şäherleriň, obalaryň we iri senagat desgalarynyň gurluşygy ýokary depginde dowam eder

Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwaty raýatlaryň bähbidine, ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hem-de täze durmuş we senagat maksatly desgalary gurmaga gönükdiriler. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşuly nesline iberen Gutlagynda nygtady.

«Türkmenistanyň öz saýlap alan döretmek we gurmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna, dünýäniň kuwwatly, gurply döwletleriniň biridigine aýdyň şaýatlyk edýän täze şäherleri, etraplary, döwrebap obadyr şäherçeleri, iri senagat kärhanalaryny gurup, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýarys. Biz geljekde hem Watanymyza bolan beýik söýgimiz, agzybirligimiz we jebisligimiz, kuwwatly mümkinçiliklerimiz bilen halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin tutumly işleri ýokary depginde dowam etdireris» – diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugry jemgyýetiň we döwletiň baş baýlygy hasaplanýan adamyň bähbitleri bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň esasynda, ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredilýär we ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, ýaşuly nesil hakynda alada edilýär.