Ï Ekologlar mekdep okuwçylarynyňkyda myhmançylykda boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologlar mekdep okuwçylarynyňkyda myhmançylykda boldular

view-icon 2347
Ekologlar mekdep okuwçylarynyňkyda myhmançylykda boldular

Sentýabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi Ozon gatlagyny goramagyň Halkara gününe bagyşlap, paýtagtymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşky gurşaw bilen bagly çäreleri geçirdi. Çäreler tapgyry ozon gatlagynyň diri tebigat dünýäsini goramakdaky orny boýunça bilimleri artdyrmaga gönükdirilen açyk sapaklary öz içine aldy.

Mekdep okuwçylaryna myhman bolan ekologlar tebigaty öwreniş ylmynyň dürli taraplaryny, şol sanda ozon galkanynyň planetamyzy, onuň tebigy ulgamlaryny we ýaşaýjylaryny gaty ýiti gün şöhleleriniň täsirinden goramagy baradaky jähetlerini gozgadylar. Bu işler ýaş nesilde daşky gurşawa we howa çemeleşme medeniýetini terbiýelemäge hyzmat etdi. Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdepde geçirilen şunuň ýaly çäreleriň biri-de ozon gatlagyny we howany gorap saklamak temasyna bagyşlandy.

Okuw sapagynyň çäginde «kim bilmeşek» bäsleşigi geçirildi we oňa isleg bildiren ähli adam gatnaşdy. Sowal-jogap usulda okuwçylara tebigy dersler, fizika, himiýa we astronomiýa baradaky bilimlerini barlamaga hem artdyrmaga, çekişmelere işjeň gatnaşmaga we bäsleşik arkaly öwrenen maglumatlaryny berkitmäge mümkinçilik berdi.

Şeýle çäreleriň biri hem Aşgabat şäherindäki 15-nji orta mekdepde geçirildi. Geçirilen açyk sapak ylym öwretme häsiýetli boldy we ozon gatlagyny goramak bilen howanyň üýtgemeginiň arasyndaky gatnaşyklara bagyşlandy. Ýaş türkmenistanlylar «mawy» planetamyzy ultramelewşe şöhlelerinden goraýan ozonyň ähmiýeti barada bilim aldylar.

Interaktiw soraglar ýetginjeklerde aýratyn gyzyklanma döretdi we olar hem soraglara jogap berdiler, hem-de öz pikirlerini beýan etdiler. Olaryň iň gowularyna baýraklar gowşuryldy. Bu ýerde-de iň soňky çäre çagalaryň we ulularyň höwes bilen gatnaşmagyna sebäp bolan bag ekme işi boldy. Hemmeler tebigaty, howany we ozony gorap saklamaga hakyky goşant goşandyklaryna begendiler.

Guramaçylar ýaşlara ekologiki pikir ýöretmäge kömek etmegiň asla könelmeýän zatdygyny nygtadylar. Şular ýaly çäreleri geçirmek ýakymly, sebäbi çagalar ak ýürekli we bilesigeliji, umuman aýdanyňda, hoşal diňleýjilerdir. Olaryň hakyky höwes bilen gatnaşmagynda, düşünmeginde we planeta kömek etmek isleginde biziň geljegimiz jemlenendir.