Her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni maslahatlar, ylmy-amaly konferensiýalar bilen utgaşyp, dabaraly ýagdaýda bellenilýär.
Häzirki döwürde beden we ruhy taýdan kämillige tarap bolan ymtylyşyň döredijilikli güýji bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýeren sagdyn durmuş ýörelgesini söýýän halkymyz bagtyýarlygyň goýnunda ýaşaýar. Munuň şeýledigini baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň etrapdyr şäherlerinde geçirilýän maslahatlarda aýdylýan ýürek buýsançlarynyň mysalynda hem görmek bolýar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda dabaraly çäre geçirildi. «Biz Arkadagly Gahryman Serdarly zamananyň bagtly lukmanlary» diýen at bilen geçirilen aýdym-sazly dabara bu ýere ýygnananlaryň göwünlerini ganatlandyrdy.
Gökdepe etrap medeniýet merkeziniň aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetirmegindäki sazly kompozisiýa, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, aýdymçy Şamuhammet Abaýewiň, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi Batyr Sahyýewiň hem-de Röwşen Berdiýewiň mahmal owazly aýdymlary dabaranyň baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.
Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Olar şeýle şanly seneleriň, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň ildeşlerimizi bagtyýar ýaşaýşa, döwletimiziň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň öndürijilikli zähmet çekip, kalplarynyň joşmagyna ruhlandyrýandygyny, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden berjaý edilmeginiň netijesinde, bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketiniň giňden wagyz edilmegine, dürli ýaşdaky adamlaryň sporta bolan söýgüsiniň artmagyna eltýändigini, şeýlelik-de ynsan saglygynyň hemişe adamzat durmuşynda iň uly baýlyk hasaplanylýandygyny nygtadylar.
Hakykatdan hem, bu uly baýlyga eýe bolan türkmenistanlylaryň ýürekleri hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşly sözlerinden püre-pür. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk taryhy senesiniň bellenilýän ýylynda döwletimizde üstünlikli hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň hem 30 ýyllyk şanly senesi bilen bir ýylda gabat gelmegi guwandyryjydyr. Bu ýyllaryň içinde döwletimizde edilen işler milli sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň dabaralanýandygyny dolulygyna subut edýär.