Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmakda esasy orun eýeleýän saglyk ulgamyny ösdürmek, dünýä möçberine çykarmak, onuň üçin bu möhüm pudagy dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.
Her ýylyň 10-njy oktýabrynda berkarar Diýarymyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň dabaraly ýagdaýda, ýokary ruhubelentlige beslenip bellenilmegi hem bu ulgamda zähmet çekýän ildeşlerimiziň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrýar. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli çuňňur mazmunly çärelere badalga berilmegi ulgamda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglygy ugrunda alyp barýan we durmuşa geçirýän ägirt uly işlerine goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasyna öwrülýär.

Ýurdumyzyň saglyk ulgamynda alnyp barylýan tutumly işleriň çuňňur mazmunyny öz içine alýan şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň we Lebap welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramaklarynda «Öz käriniň ussady» ady bilen geçirildi. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygy ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň mazmunyny açyp görkezmek, ulgamyň işgärleriniň işjeňligini ýokarlandyrmak, ulgamda alnyp barylýan işleri milli ýörelgelerimiz bilen utgaşdyrmak, tejribeli işgärleri ýüze çykarmak we olaryň iş tejribesini beýleki saglyk edaralaryna ýaýratmak, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige welaýatyň etrap-şäherlerindäki Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna degişli edaralardan toparlaryň 17-si gatnaşdy.

Bäsleşikde oňa gatnaşyjylar üç şert boýunça – ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglyk ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan giň gerimli işlerini, ulgamda ýetilýän belent sepgitleri çeper beýan etmek, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki eseriniň many-mazmuny we saglyk işgärleriniň öz hünäri boýunça sowallara jogap bermek we belli bir ýokanç keseli, onuň öňüni almaklyga gönükdirilen çäreleri öz içine alýan gysgajyk sahna eserini görkezmek boýunça bäsleşdiler. Ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen bäsleşik oňa gatnaşyjylaryň hünär derejesiniň kämilliginiň ýokarydygynyň, bu ugurda alnyp barylýan işleriň bagtyýar zamanamyzyň talaplary bilen utgaşýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.
Bäsleşigiň netijesi boýunça Türkmenabat we Gazojak şäherleriniň hem-de Saýat etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri has taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler we degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolmaklygy başardylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.